Adamlar gadymy döwürlerden bäri ýüpekçilik bilen meşgullanyp gelýärler. Mundan 4 müň 600 ýyl ozal Hytaýda ýüplük almak üçin gurçuk ýetişdirilip başlanandygy aýdylýar. Soňra bolsa, hindiler ýüpekçilik bilen meşgullanypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen bu haryt Ýewropa ýurtlaryna ýaýrapdyr we iň geçginli haryda öwrülipdir. Gündogardan günbatara daşalan bu önüm “Ýüpek ýoly” ady bilen belli bolan şol döwürleriň iň uzyn halkara gatnaw ýoluny emele getiripdir. Oňa şeýle adyň berilmegi hem näderejede ähmiýetlidigini görkezýär. VI asyrda Wizantiýada we Rim Imperiýasynyň dürli ýerlerinde ýüpekçilik ýaýrapdyr. Soňky ýyllarda Italiýada hem-de Günbatar Ýewropa ýurtlarynda ýüpek gurçugy tutulyp başlanypdyr. Ýüpekden tikilen egin-eşikler ýörite baýramçylyklarda we dabaralarda geýlipdir. Häzirki wagtda dünýäde ýüpek önümçiliginiň uly bölegi Uzak Gündogar ýurtlarynda amala aşyrylýar. Ýüpek senagatynyň iň ösen ýurtlary hökmünde Ýaponiýa we ABŞ has tapawutlanýar. Häzirki wagtda dünýäde iň köp pile taýýarlanýan ýurtlar Ýaponiýa, Hytaý we Italiýadyr. Hindileriň milli medeniýetinde uly orun tutan sari lybasynyň hem ýüpekden edilen görnüşleri has meşhurlygy bilen tapawutlanýar.
Tebigy süýümler has peýdaly
Adamlar gadymy döwürlerden bäri egin-eşik taýýarlamakda haýwanlardan we ösümliklerden süýüm alýarlar. Onuň hilini haýsy haýwandan ýa-da ösümlikden alynýandygy kesgitleýär. Öý haýwanlarynyň ýüňi ýyly eşik taýýarlamakda amatly bolýan bolsa, gowaça we beýleki ösümliklerden alynýan süýümden taýýarlanan eşikler tene has ýakymly bolýar. Tebigy süýümlerden taýýarlanan egin-eşikler saglygymyz üçin has peýdaly hasaplanýar. Şol sebäpli olara isleg hem ýokary bolýar. Ýüpek hem irki döwürlerden bäri iň gymmatly haryt hökmünde belli bolupdyr. Matanyň bu görnüşi ýüpek gurçugynyň ýasaýan pilesinden emeli usulda alynýar. Onuň ýabany görnüşi hem bolýar. Ýabany ýüpek gurçugy, dub we beýleki agaçlarda ýaşaýar. Onuň ýasan pilesinden alnan ýüpek ýüňe ýa-da zygyra meňzeş bolýar. Ony gaýtadan işlemek we boýamak has kyn bolýar. Dubuň ýapragynda käbir maddalar bar. Bu bolsa, ýabany gurçukdan alnan ýüpegiň goňrumtyl reňkde bolmagyna getirýär. Şol sebäpli ony öz reňki bilen, tebigy ýagdaýda peýdalanýarlar. Ondan taýýarlanan matalaryň öwüşgüni adaty ýüpegiňkiçe bolmaýar. Emma has çydamly bolýar.
Nädip taýýarlanýar?
Bu önüm ýüpek gurçugynyň taýýarlan pilesinden alynýar. Bahar paslynyň gelmegi bilen gurçuk tutmak işine girişilýär. Bu döwür bir aý çemesi dowam edýär. Olara diňe tut agajynyň ýapraklary ownujak edilip berilýär. Olar ýüpegini öz daşyna orap başlaýarlar. Bu ýagdaý üç günläp dowam edýär. Ondan soňra gurçuklara hiç hili iýmit berilmeýär. Saralan pileler olaryň hiline, ululygyna we reňkine görä aýratynlykda ýygnalýar we guradylýar. Şeýlelikde, ony gaýtadan işlemek we çig ýüpek almak üçin taýýar edilýär.
Pile saralandan soňra, 2-3 hepde aralygynda kebelege öwrülip, piläniň bir gyrasyndan daşaryk çykýarlar. Senagatda has ýokary hilli ýüpek almak maksady bilen olaryň piläni deşmeginiň öňüni almak üçin pile sarap bolandan soňra dürli usullar arkaly gaýtadan işlenmäge taýýar edilýär. Ortaça, 10 kg pileden bir kilogram ýüpek alynýar.