Ösen teh­no­lo­gi­ýa te­bi­ga­ty aýaw­ly sak­la­ma­ga, azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len tas­la­ma­lar­da giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. 2013-nji ýyl­da dur­mu­şa ge­çi­ri­lip baş­la­nan AS­SI­SI tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ary­lar we ba­lyk­lar bi­len ara­gat­na­şyk sak­la­ýan ro­bot­lar iş­le­nip taý­ýar­lan­dy. Tas­la­ma Ger­ma­ni­ýa­nyň Graz uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri hem go­şant goş­ýar­lar. Olar adat­da­ky­lar­dan baş­ga­ça ary gu­tu­la­ry­ny dö­re­dip, ola­ryň he­re­ket­le­ri ba­ra­da has köp mag­lu­mat top­la­ma­ga ça­lyş­ýar. Tas­la­ma­nyň ut­gaş­dy­ry­jy­sy To­mas Şmikl ro­bot­lar bi­len ary­la­ryň ara­syn­da ýo­la goý­lan ara­gat­na­şy­gyň köp muk­dar­da mag­lu­mat al­ma­ga ýar­dam ed­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär. Ary­la­ryň ýa­şa­ýan gu­tu­la­ry­na ýer­leş­di­ri­len bir­nä­çe sen­sor­ly kin­di­wan­ja ro­bot ary­la­ryň öz ara­la­ryn­da nä­hi­li ha­bar­laş­ýan­dyk­la­ry, mag­lu­mat­la­ry nä­hi­li sak­la­ýan­dyk­la­ry ba­ra­da mag­lu­mat top­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Tas­la­ma gat­na­şy­jy bio­log Mar­ti­na Szo­pek bu ki­çi­jik ro­bot­la­ryň ary maşgalalary üçin ýe­ňil­lik dö­ret­jek­di­gi­ni aýd­ýar. Aý­da­ly, to­mus­da yzy­gi­der­li ýa­gyn ýa­gan­dy­gy­ny göz öňü­ne ge­ti­re­liň ýa-da ho­wa­nyň so­wuk bo­lan­dy­gy­ny. Bu ýag­daý ary­la­ryň ýe­ter­lik de­re­je­de iý­mit tap­ma­jak­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Ro­bot­la­ryň ary­la­ry ho­wa mag­lu­ma­ty ba­ra­da öňün­den ha­bar ber­me­gi bi­len, olar bu ýagdaýa öňünden taý­ýar­lyk gö­rüp bi­ler­ler.
Bal ary­lary miwedir bakja ekinlerinden ýo­ka­ry ha­syl al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Bi­ler­men­ler dün­ýä­de oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň üç­den bi­ri­niň ary­la­ryň kö­me­gi bi­len alyn­ýan­dy­gy­na ün­si çek­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da bal ary­la­ryň sa­ny­nyň azal­ma­gyn­da oba ho­ja­lyk der­man­la­ry­nyň tä­si­ri­niň bar­dy­gy bel­le­nil­ýär. Go­laý­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ýurt­la­ryn­da oba ho­ja­lyk ekin­le­rin­de ary­la­ra zy­ýan be­ri­ji mad­da­la­r goşulan dermanlary ulan­mak ga­da­gan edil­di.