ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp federal hökümet tarapyndan ulanylýan adalgada «emeli aň» (Artificial Intelligence – AI) düşünjesini «super aň» (Super Intelligence) diýip üýtgetmek baradaky karara gol çekdi. Ak Tamyň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradylan resminamada bu täze adalganyň tehnologiýalaryň özgerdiji mümkinçiliklerini we amerikan halky üçin açylýan giň ýollary has takyk beýan edýändigi nygtalýar.

Resminama laýyklykda, ABŞ-nyň ministrliklerine we beýleki hökümet edaralaryna kanunlarda gadagan edilmedik ýagdaýlarda resmi hat alyşmalarda, köpçülikleýin çykyşlarda, web-saýtlarda, hasabatlarda hem-de kanun çykaryjy bolmadyk beýleki resminamalarda «emeli aň» sözüniň ýerine «super aň» terminini ulanmak tabşyryldy. Şol bir wagtyň özünde, bu buýruk öňden hem bar bolan kadalaşdyryjy namalara üýtgetmeleri girizmegi talap etmeýär.

Mundan ozal ABŞ-nyň Baştutany «emeli aň» adynyň säwlikdigini we anyk däldigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri «super aň» diýip atlandyrmagyň dogrudygyny öňe sürdi.

Ýatlap geçsek, 29-njy sentýabrda Donald Tramp Ak Tamda emeli aň ulgamynda işleýän öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny hem kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar bu tehnologiýalaryň içerki gözegçiligini güýçlendirmek boýunça ylalaşyga gol çekdiler.