Meşhur ýazyjy Stig Larssonyň “Millenium” atly trilogiýasyna degişli “Aždarha tagmaly gyz” (The Girl With The Dragon Tattoo) atly belli eser esasynda serial surata düşüriler. Ozal filmi ekranlaşdyrylan romanyň täze nusgasynda baş keşpleri – Mikael Blomkwistiň keşbini Dawid Oýelowa hem-de Wiola Prettejonyň keşbini Lisbet Salander janlandyrar. 8 bölümden ybarat boljak teleseriala “Sky” studiýasynyň garamagynda surata düşüriler. Serialyň geljek ýylyň ahyrlarynda “Sky” teleýaýlymynda görkezilmegine garaşylýar.