1-nji oktýabrda Aşgabat şäherindäki Ylmy-barlag tebigy-gaz institutynda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara ülňilerini we kadalaryny seljermäge bagyşlanan geňeşme duşuşygy geçirildi.

Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan amala aşyrylýan “Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024-2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler” atly taslamasynyň çäginde gurnaldy.

Duşuşyk bu ugurda ileri tutulýan milli ösüş ugurlaryny nazara almak bilen, ýurduň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça maslahatlary işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle-de «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň hukuk we tehniki hünärmenleri gatnaşdylar.

Geňeşme duşuşygynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny mundan beýläk ösdürmek we ony häzirki zaman ykrar edilen halkara tejribelerine, şol sanda energetika pudagynda metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ÝB-niň Reglamentine laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen seljeriş çemeleşmesini ulanmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyk dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini Türkmenistanyň milli şertlerine uýgunlaşdyrmak üçin aýdyň usulyýet binýadyny döretmäge mümkinçilik berdi.