Nobel baýragynyň edebiýat ugry boýunça mümkin bolan dalaşgärleriniň sanawyna özbek ýazyjysy Hamyt Ysmaýylow hem girdi. Bu abraýly baýragyň ýeňijileri şu ýylyň 8-nji oktýabrynda Stokgolm şäherinde yglan ediler we olara 12 million şwed krony (1,2 million amerikan dollary) möçberinde baýrak gowşurylar.

«Uza.uz» internet neşiriniň habar bermegine görä, özbek we rus dillerinde eser döredýän Hamyt Ysmaýylowyň kitaby häzirki wagtda iňlis, türk, nemes we fransuz dillerine terjime edildi. Ol 2019-njy ýylda «The Devils Dance» atly romany üçin Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň edebiýat baýragyna mynasyp bolupdy.

Şahyr, ýazyjy hem-de žurnalist Hamyt Ysmaýylow 1954-nji ýylda Gyrgyzystanyň Tokmak şäherinde doguldy we Daşkent döwlet uniwersitetiniň biologiýa, hukuk hem-de menejmençilik bölümlerini tamamlady. Ol 1992-nji ýyldan bäri Londonda ýaşaýar, 2006-njy ýylda «Demir ýol» romany iňlis diline terjime edildi, şeýle hem goşgulary nemes dilinde çap edildi. Nobel baýragynyň ýeňijilerine baýraklar, däp bolşy ýaly, 10-njy dekabrda dabaraly ýagdaýda gowşurylar.