“Marvel” studiýasy 2019-njy ýylda ekranlara çykan “Ar alyjylar: oýnuň soňy” (Avengers: Endgame) filmini täzeden prokatlara ýaýratdy. Film ekranlara çykan ýylynda 2 milliard 799 million 439 müň dollar ýygnapdy we umumy sanawda “Awatar” (Avatar) filminden soň 2-nji ýere ornaşypdy. Ýöne dekabr aýynda ekranlara çykjak “Avengers: Doomsday” filmi sebäpli, “Ar alyjylar: oýnuň soňy” kinosy Demirgazyk Amerikada täzeden prokatlara ýaýradyldy.
![]()
Netijede, ozalky girdejisiniň üstüne 126 million dollarlyk kassa ýygymyny hem goşan “Ar alyjylar: oýnuň soňy filmi “Awatar” filminiň 17 ýyllyk rekordyny täzeledi. Ýagny mundan soň häzirlikçe ähli döwürleriň iň köp girdeji gazanan filmi “Awatar” däl.

2 milliard 925 million 466 müň dollarlyk kassa ýygymy bilen “Ar alyjylar: oýnuň soňy” filmi sanawyň birinji ornuna beýgeldi. Filmiň 3 milliard dollara ýetmeginiň hem mümkindigi bellenilýär. Ýöne “Ar alyjylar: oýnuň soňy” filmi hem rekordy özünde uzak saklamasa gerek. “Avengers: Doomsday” filminiň täze rekordyň eýesi bolmagyna garaşylýar.
PDF





