Milli ýygyndylaryň duşuşyklary sebäpli klub futbolyna berlen 20 günlük arakesme tamamlanyp, şu gije birnäçe çempionatda täze tapgyryň oýunlaryna badalga berler.

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda şu gije Germaniýada “Borussiýa Dortmund” – “Werder” (23:30), Fransiýada “Lans” – “Lion” duşuşyklary geçiriler. Gopgunly ýagdaýda dowam edýän Türkiýäniň çempionatynda-da çempion “Galatasaraý” öz meýdançasynda “Kasympaşany” kabul eder (22:00).

Ertirki oýunlara seredenimizde, Angliýada “Arsenal” – Lids” (16:30), 19:00-da başlanjak “Çelsi” – “Bornmut”, “Aston Willa” – “Brentford” hem-de günüň iň esasy duşuşygy 21:30-da “Mançester Ýunaýted” – “Tottenham” oýunlary öňe saýlanýar.

Italiýada “Inter” “Parmany” kabul etse (21:00), “Napoli” öz meýdançasynda “Frosinone” bilen duşuşar (23:45).

Ispaniýada “Atletiko Madrid” “Alawesiň” myhmany bolar. “Barselona” 21:30-da “Hetafe” bilen duşuşar we janköýerler katalonlaryň arakesmeden öňki depginini dowam etdirmegine garaşýarlar. “La Ligada” tapgyryň duşuşygy ýarygijede başlanar. “Real Madrid” öz meýdançasynda “Wilýarreal” bilen duşuşar (00:00).

“Bundesligada” 18:30-da başlanjak oýunlarda “Bawariýa” “Augsburgyň” myhmany bolar, “Maýns” bolsa “Baýeri” kabul eder. 21:30-da “Leipsig” bilen “Aýntraht” özara güýç synanyşar.

Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1”-de Dawide Ançelottiniň tälimçiligindäki “Lill” aşaky orunlardaky “Le Hawr” bilen duşuşar (20:15). Ýarygijeden öň, 23:45-de başlanjak duşuşyklarda PSŽ bilen “Le Man”, “Monako” bilenem “Tuluza” özara duşuşyk geçirerler.

Russiýada “Krasnodar” – “Zenit”, Niderlandlarda “Feýenoord” – AZ duşuşyklary-da günüň esasy oýunlary hasaplanýar.

Ýekşenbe gününiň iň esasy duşuşygy Angliýada oýnalar. “Liwerpul” soňky günleriň iň gürrüňli kluby “Mançester Sitini” kabul eder. Duşuşyk 20:30-da başlanar. Duşuşygyň dartgynly atmosferada geçmegine garaşylýar.

Italiýada “Komo” – “Roma” (15:30), “Lasio” – “Monza” (18:00) hem-de “Sassuolo” – “Milan” (21:00), “Kaliari” – “Ýuwentus” (23:45) duşuşyklary oýnalar.

 

 

9-njy oktýabr (anna)

Galatasaraý – Kasympaşa (22:00)

Al-Nassr – Diriýah (23:00)

Borussiýa D – Werder (23:30)

Lans – Lion (23:45)

Braga – Sporting (00:15)

 

10-njy oktýabr (şenbe)

Arsenal – Lids (16:30)

Augsburg – Bawariýa (18:30)

Maýns – Baýer (18:30)

Çelsi – Bornmut (19:00)

  1. A. Willa – Brentford (19:00)

Alawes – Atletiko (19:15)

Lill – Le Hawr (20:15)

Inter – Parma (21:00)

  1. M. Ýunaýted – Tottenham (21:30)

Barselona – Hetafe (21:30)

Krasnodar – Zenit (21:30)

Leipsig – Aýntraht (21:30)

Feýenoord – AZ (21:45)

Al-Hilal – Al-Ittihad (23:00)

Napoli – Frozinone (23:45)

PSŽ – Le Man (23:45)

Monako – Tuluza (23:45)

Real Madrid – Wilýarreal (00:00)

 

11-nji oktýabr (ýekşenbe)

Komo – Roma (15:30)

Lasio – Monza (18:00)

  1. R. Sosiedad – Deportiwo (19:15)

Liwerpul – Man. Siti (20:30)

Sassuolo – Milan (21:00)

Beşiktaş – Kojaelispor (21:00)

Kaliari – Ýuwentus (23:45)

 

12-nji oktýabr (duşenbe)

Atalanta – Wenesiýa (21:00)

Kowentri – Nýukasl (00:00)