8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy B.Myradowa bilen BMG-niň Zenanlar düzüminiň Merkezi Aziýadaky aragatnaşyk edarasynyň ýolbaşçysy hanym Jeren Güwen Güresiň duşuşygy boldy.

Duşuşykda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogynyň sebitde we ählumumy derejede parahatçylygy, ynanyşmagy, durnukly ösüşi üpjün etmekde, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda, şeýle hem gender deňligini gazanmakda zenanlaryň ornuny berkitmekde we mümkinçiliklerini has-da giňeltmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Şeýle hem gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenilip geçildi.

Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Zenanlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuşyndaky ornuny ýokarlandyrmakda, olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekde,  başlangyçlaryny goldamakda, iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmakda tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň ähmiýeti dogrusynda aýratyn durlup geçildi hem-de bu ugurda Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn başlangyçlaryna, durmuşa geçirýän giň gerimli işlerine ýokary baha berildi.

Çeşme: mejlis.gov.tm