Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len hal­ky­my­zyň me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­na we ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri­ne aý­ra­tyn sar­pa go­ýul­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len yg­lan edi­len “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň şä­her­le­ri­niň we oba­la­ry­nyň geç­miş ta­ry­hy­ny hem-de äh­mi­ýe­ti­ni anyk mag­lu­mat­lar we çuň­ňur sel­jer­me­ler, döw­re­bap ga­ra­ýyş­lar bi­len aý­dyň öw­ren­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.
Kö­ne­ür­genç şä­he­ri Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­leş­mek bi­len, baý ta­ry­hy, ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­le­ri, dür­li dö­wür­le­re de­giş­li eks­po­nat­la­ry, öz­bo­luş­ly mil­li mi­ra­sy bilen uzak ýyl­lar­dan bä­ri dür­li dün­ýä döw­let­le­ri­niň alym­la­ry­ny, ta­ryh­şy­nas­la­ry­ny hem-de ar­heo­log­la­ry­ny gy­zyk­lan­dy­ryp gel­ýär. Kö­ne­ür­genç­de bel­li alym­lar, sy­ýa­sat­çy­lar, ser­ker­de­ler, zer­gär­ler hem-de ök­de us­sa­lar ýa­şap­dyr. Şä­he­re dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den myh­man­lar ge­lip­dir, tä­jir­dir söw­da­gär­le­riň hem-de sy­ýa­hat­çy­la­ryň ge­lim-gi­di­mi­niň yzy üzül­män­dir.
Ir­ki dö­wür­ler­de Hy­taý im­pe­ra­to­ry Wu­ti tä­ze ba­zar ýer­le­ri­ni aç­mak mak­sa­dy bi­len, hy­taý sy­ýa­hat­çy­sy we ser­ker­de­si Çžan Szýa­ny Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­na sy­ýa­hat­a iber­ýär. Hy­taý­ly sy­ýa­hat­çy Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ryn­da ge­çi­ren eks­pe­di­si­ýa­sy­nyň ne­ti­je­sin­de ýurt­la­ryň baý­lyk­la­ry­ny we sy­ýa­sy ýag­da­ýy­ny, ge­og­ra­fi­ki ýer­le­şi­şi­ni, içer­ki re­surs­la­ry­ny, dag­la­ry we der­ýa­la­ry öw­ren­ýär. Ba­zar­la­ra ba­ryp, ha­ryt­la­ryň ba­ha­la­ry bi­len gy­zyk­lan­ýar. Ol Mer­ke­zi Azi­ýa­da sy­ýa­hat­çy­lyk döw­rün­de halk­la­ryň me­de­ni­ýe­ti, däp-des­sur­la­ry bi­len hem iç­gin ta­nyş­ýar. Ol Gür­gen­jiň ösen mal­dar­çy­lyk pu­da­gy­nyň we se­net­çi­lik hü­när­ment­çi­li­gi­niň syr­la­ry­ny düýp­li öw­ren­ýär. Çžan Szýan wa­ta­ny­na do­la­nyp ba­ran­dan soň, bu­lar ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry taý­ýar­la­ýar. Şeý­le-de ol owa­dan be­hiş­di türk­men at­la­ry ba­ra­da ýan dep­der­çe­si­ne aý­ra­tyn bel­le­ýär. Çžan Szýa­nyň eks­pe­di­si­ýa­sy ar­ka­ly Gür­genç şä­he­ri­ne ýol açyl­ýar. Mu­nuň özi hy­taý­ly söw­da­gär­le­riň Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ba­zar­la­ry­na ara­laş­ma­gy­na müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.
Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň bir­nä­çe şa­ha­la­ry bo­lup, olar dün­ýä­niň dür­li kün­je­gi­ne uzap­dyr. Onuň bir şa­ha­sy ga­dy­my türk­men şä­he­ri bo­lan Kö­ne­ür­gen­jiň üs­tün­den ge­çip­dir. Sy­ýa­hat­çy­lar Kö­ne­ür­genç ba­ra­da haý­ran gal­mak bi­len tä­sin ýaz­gy­la­ry gal­dy­ryp­dyr­lar. Arap ge­og­ra­fy Al-Is­tah­ri (850-934) “Ür­genç Ho­rez­miň iň uly şä­her­le­ri­niň bi­ri­dir” di­ýip bel­läp ge­çip­dir. Şol ýer­den ýük­li ker­wen­ler Jur­jan şä­he­ri­ne, Ha­za­ra we Ho­ra­sa­na gi­dip­dir­ler. Ola­ryň önüm­le­ri di­ňe bir ýer­li ba­zar­lar­da däl-de, eý­sem, dün­ýä ba­zar­la­ry­na hem çy­ka­ry­lyp­dyr. Beý­le­ki bir arap sy­ýa­hat­çy­sy, ge­og­raf we ta­ryh­çy Ýa­kut al-Ha­ma­wi (1178-1229) haý­ran gal­mak bi­len, Kö­ne­ür­genç ba­ra­da şeý­le ýa­zyp­dyr: “Dün­ýä­de şu­nuň ýa­ly şä­her bar­dyr di­ýip pi­kir hem et­män­dim, şä­her ba­zar­la­ry dür­li ha­ryt­la­ryň bol­çu­ly­gy bi­len meş­hur­dyr”. Ta­ny­mal arap sy­ýa­hat­çy­sy we tä­ji­ri Ibn-Bat­tu­ta (1304-1377) Ür­genç ba­ra­da­ky ýaz­gy­syn­da “Bu uly owa­dan şä­he­riň aja­ýyp ba­zar­la­ry, giň kö­çe­le­ri köp ­san­ly gur­lu­şyk­la­ry ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ry dö­red­ýär, şä­her­de joş­gun­ly dur­muş hö­küm sür­ýär we ýa­şaý­jy­la­ryň şeý­le bir köp­lü­gi se­bäp­li de­ňiz ýa­ly tol­kun at­ýar­dy. Bir ge­zek şä­he­riň içi bi­len bar­ýar­kam men ba­za­ra gir­dim, ha­çan-­da ba­za­ryň or­ta­ra­sy­na ýe­ten ba­dy­ma öňe-yza ýö­räp bil­me­dim” di­ýip, bel­läp geç­ýär. Mon­gol­la­ryň ba­syp al­ma­zy­nyň öňü­sy­ra­sy Ür­genç gün­do­ga­ryň iň uly we ha­şam­ly şä­her­le­ri­niň bi­ri bo­lup­dyr.
Kö­ne­ür­genç­de dün­ýä bel­li be­ýik alym­lar, aja­ýyp luk­man­lar, şa­hyr­lar­dyr ez­ber us­sa­lar ke­ma­la ge­lip­dir. Olar­dan meş­hur ma­te­ma­tik we ast­ro­nom Mu­ham­med Ibn Mu­sa­al-Ho­rez­mi (783-850), luk­man Abu Ali Ibn Si­na (980-1037), bel­li alym en­sik­lo­pe­di­ýa­çy Abu Reý­han Al-Bi­ru­ny (973-1048), gör­nük­li alym Abul-Ka­sym Ja­ral­lah Mah­mud ibn Omar al-Za­mah­şa­ry (1075-1144) da­gy­lar Ho­rez­miň gen­ji-ha­zy­na­sy ha­sap­la­nyp­dyr. Mun­dan baş­ga-da, be­ýik ta­ryh­çy alym Abu Sa­id as-Sa­ma­ni (1113-1167), XII asyr­da Ho­rez­miň paý­tag­tyn­da iş­län gör­nük­li luk­man Zeý­ned­din Abu-Ib­ra­him al Gür­gen­li ýa­ly ta­ny­mal alym­lar öz döw­rü­niň bi­lim­dar adam­la­ry bo­lup­dyr. XIII asyr­da as­man ji­sim­le­ri­ni öw­re­ni­ji bel­li alym, ast­ro­nom Ali­şah ibn Mu­ham­med ibn Ka­sym al Ho­rez­mi (1226-1300), şeý­le hem bel­li ge­og­raf Mu­ham­med ibn Nad­jib Bek­ra­na Kö­ne­ür­genç­de iş­läp­dir­ler.
Kö­ne­ür­genç döw­let ta­ry­hy me­de­ni go­rag­ha­na­sy­na de­giş­li XII-XV asyr­la­ryň ar­hi­tek­tu­ra ýa­dy­gär­lik­le­ri Bü­tin­dün­ýä me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň sa­na­wyn­da gör­nük­li orun eýe­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Kö­ne­ür­gen­jiň 650 gek­tar meý­da­nyn­da ýer­leş­ýän ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri, Nej­med­din Kub­ra met­ji­di we onuň tö­we­re­gin­dä­ki bir­nä­çe me­de­ni gym­mat­lyk­lar bir­nä­çe döw­let­le­riň sy­ýa­hat­çy­la­ry­ny özü­ne çek­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ata­lyk ala­da­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, mil­li mi­ra­sy­my­zyň we gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň çuň­ňur öw­re­nil­me­gi­ne giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Biz bu be­ýik iş­le­riň göz­ba­şyn­da du­ran Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak, il-ýurt bäh­bit­li be­ýik iş­le­ri­niň ro­waç bol­ma­gy­ny tüýs ýü­rek­den ar­zuw ed­ýä­ris!

Gur­ban­ne­pes Täç­me­dow,
Kö­ne­ür­genç et­rap hä­kim­li­gi­niň hü­när­me­ni.