Biziň ynsanperwer, geçmişine sarpa goýýan, geljegine ynamly garaýan halkymyz bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz halkyny Gün kibi çoýup, merdana pederlerimiziň sarpasyn saklamalydygymyzy, geçen nesilleriň hatyrasyny belent tutmalydygymyzy sargyt edýär. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilen gijede paýtagtymyz Aşgabatda bolup geçen pajygaly ýer titremesi zerarly gurban bolanlaryň hem-de Watan üçin şirin janlaryny gurban eden ata-babalarymyzyň hormatyna bellenilýän Hatyra güni hem şeýle işlerden gözbaş alýar.
Watan gerçekleri bakydyr. 1948-nji ýylyň ýer titremesinde şehit bolan watandaşlarymyzyň sarpasy belentdir. Muny 2014-nji ýylda gözel paýtagtymyzyň gojaman Köpetdagy etekläp oturan belent baýyrlygynda gurlan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy hem aýdyň görkezýär.
Meýdany alty ýüz elli müň inedördül metr, uzynlygy dokuz ýüz on alty metre, ini alty ýüz ýigrimi alty metre barabar bolan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy belent baýyrlykda hemişe howalanyp otyr. Ýadygärlikler toplumynda Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanan “Ruhy tagzym” ýadygärligi, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda mukaddes Watanymyzyň azatlygy, şeýle hem halkymyzyň erkinligi ugrunda Gökdepe söweşinde wepat bolanlaryň hatyrasyna gurlan “Baky şöhrat” we “Milletiň ogullary” ýadygärlikleri ýerleşýär. Toplumyň meýdançasynda bina edilen ýadygärlikler halkymyzyň ýeňişlere beslenen şöhratly taryhyna, Watan gerçekleriniň deňsiz-taýsyz edermenligine buýsanç duýgusyny döredip, hakydalarymyzy geçmiş taryhymyza sary alyp gidýär. Şonda biz geçmişde gaýduwsyz pederlerimiziň ata Watanymyz, ene topragymyz üçin her bir kynçylyga gahrymanlarça döz gelendigine göz ýetirýäris.
“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň dürli aýratynlygy “Watan mukaddesligi” muzeýinde jemlenýär. Muzeý birnäçe bölümden ybarat. Olaryň biri Sergi zalydyr. Sergi zalynda ata-babalarymyzyň 1881-nji ýylyň Gökdepe söweşinde alyp baran gaýduwsyz göreşleri suratlandyrylýar. Onda türkmen milli egin-eşikleri, şaý-sepleri, haly hem-de haly önümleri, suratkeşleriň söweş günlerini beýan edýän dürli eserleri, galanyň çäklerinden tapylan zähmet gurallary, ok atýan ýaraglar, söweşe gatnaşanlaryň egin-eşikleriniň we harby esbaplarynyň özboluşly toplumy we arhiw resminamalary, şeýle-de galany goran milli Gahrymanlaryň suratlary, XIX asyr halk durmuşyny beýan edýän maket bar.
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna bagyşlanan sergi ýadygärlikler toplumyny çuňňur many-mazmuna eýe edýär. Onda mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň durmuş-döredijilik we söweş ýoly barada gürrüň berýän maglumatlar, suratlar, arhiw materiallary ýerleşdirilipdir.
1948-nji ýylda Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan watandaşlarymyzyň hormatyna döredilen bölüm hem aýratynlyklara eýe. Onda Aşgabat şäherinde bolup geçen tebigy heläkçilik şekillendirilýär. Ol günde weýran bolan binalaryň maketleri dürli çyralar bilen ýagtylandyrylypdyr.
Hökmürowan wagt öz akymy bilen öňe sary gadam urup gidip otyr. Heňňam aýlanyp, döwürler özgerýär. Ol günlerden bäri ýyllar hatar gurap geçip gitdi. Häzirki günlerimizde halkymyzyň durmuşy büs-bütin özgerdi. Paýtagtymyz Aşgabat Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen dünýäniň iň owadan şäherleriniň hataryna goşuldy. Toplumyň gözel paýtagtymyz Aşgabadyň häzirki gülläp ösýän keşbi barada gürrüň berýän muzeýi muny aýdyň görkezýär. Onda dünýä täsinliklerini özünde jemleýän, Ginnesiň rekordlar kitabyna giren paýtagtymyzyň gözel-gözel binalary, häzirki zaman ymaratlary, täsin ýadygärlikleri göreni haýran edýär. Bu täsinlikleri synlap, Watanymyzyň belent ösüşlerine, mähriban Arkadagymyzyň tagallalaryna bolan hormatyň artýar.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen bina edilen “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy gojaman taryhymyza şöhratly sahypalary ýazan ata-babalarymyza goýulýan beýik hormatyň belent nyşanydyr. Toplum Watany, ene topragy söýmegiň, peder-peýkerlerimize hormat goýmagyň nusgasy hökmünde alnymyzda howalanyp dur.
Goý, merdana pederlerimiziň ruhy şat bolsun. Olary ýatlap edilen doga-dilegler kabul bolsun!
Serdar AKGAÝEW,
S. A. Nyýazow
adyndaky TOHU-nyň mugallymy.