Fransiýanyň Issuar şäherindäki Häzirki zaman sungaty merkezinden Žozef Fore tarapyndan döredilen «Apokalipsis» atly üýtgeşik kitabyň Salwador Dali tarapyndan bürünçden ýasalan we gymmat bahaly daşlar bilen bezelen, agramy takmynan 210 kilograma deň bolan kitabyň sahabynyň ýitendigi barada habar berildi.

Maglumatlara görä, ilki başda tutuş kitabyň ýitendigi barada aýdylan hem bolsa, soňra diňe onuň bürünç sahabynyň alnyp gidilendigi belli boldy. Bahasy birnäçe million ýewro diýlip çaklanylýan bu neşir bilen bagly waka boýunça ýerli žandarmeriya bölümi tarapyndan derňew işleri alnyp barylýar.

«Apokalipsis» neşiri Ýahýa pygamberiň Wahy kitaby esasynda döredilipdir. 1958-nji ýylda taýýarlanylan bu seýrek duş gelýän eser öz döwründe dünýädäki iň gymmat kitap hasaplanyp, şol wagtky bahasy 2 million fransuz frankyna deň bolupdyr. Eseriň bezeg işleriniň üstünde XX asyryň 14 sany meşhur suratkeşi we ýazyjysy zähmet çekipdir. Olaryň arasynda Salwador Dali, Žan Kokto, Žan Žýuno we Emil Çoran ýaly tanymal şahsyýetler bar.

Kitap doly açylanda uzynlygy 150 metre ýetýär hem-de ol golýazma görnüşindäki ýazgylar ýerleşdirilen 150 sany uly pergamentden ybaratdyr. Eseriň bezeginde kalligrafiýa usulynda ýazylan, takmynan, 95 müň harp ulanylypdyr. Bu neşir 1961-nji ýyldan 1972-nji ýyla çenli geçýän döwürde dünýäniň dürli ýurtlarynda guralan 146 sany sergide köpçülige görkezilipdir.

Soňluk bilen, 2003-nji ýylda asly grek bolan fransuz kolleksioneri Kristian Karutzos kitabyň auksionda bölekleýin satylmagynyň öňüni almak maksady bilen, ony Ýaponiýadaky eýelerinden satyn alypdyr.