Niderlandlaryň paýtagty Amsterdam şäherinde 7-8-nji oktýabrda geçirilen Bütindünýä emeli aň sammitinde (World AI Summit) Hytaý Halk Respublikasynyň kompaniýalary emeli aň we robototehnika ulgamyndaky iň täze, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny görkezdiler. Halkara forumyň barşynda hytaýly döredijileriň dünýä tehnologiýalaryna ýetirýän uly täsiri we bu ugurdaky ornunyň çalt depginler bilen artýandygy aýratyn bellenildi, şeýle hem geljek ýylda bu sammitiň aýratyn görnüşini Hytaýda guramak baradaky başlangyç ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki günüň dowamynda bolup geçen bu abraýly halkara çäre emeli aňyň howpsuzlygy, iň täze algoritmleriň işlenip düzülmegi, emeli aň agentleri hem-de bu tehnologiýalaryň global işewürlikde amaly taýdan netijeli ornaşdyrylmagy ýaly möhüm meselelere bagyşlandy. Dünýäniň innowasion bäsleşiginde Hytaýyň tutýan ornuna ýokary baha beren «Nvidia» kompaniýasynyň wekili Saýmon Si sammitiň çäginde çykyş edip, «DeepSeek», «Moonshot» we «Alibaba» ýaly hytaýly döredijileriň algoritmleri ösdürmekde gazanan uly üstünliklerini aýratyn nygtady.

Sammitiň esasy sergi eksponatlarynyň hatarynda «Unitree Robotics» kompaniýasynyň adam şekilli (gumanoid) we ýokary tehnologik dört aýakly robotlary bolup, olar özüniň intellektual hem-de fiziki mümkinçiliklerini myhmanlara we bilermenlere giňden tanyşdyrdylar. Hytaýyň emeli aň pudagynyň dünýä meýdançasynda giňelmegi netijesinde, «World AI Summit» guramaçylary hyzmatdaşlygy täze şertlerde dowam etmek üçin «Shanghai International Exhibition Group» guramasynyň wekillerini çagyrdylar. Bu guramanyň prezidenti Sýuý Szýanyň habar bermegine görä, taraplar geljekde halkara sammite has köp hytaý kompaniýalaryny we resmi wekiliýetlerini çekmegi we Hytaýda ýörite çäre guramagy meýilleşdirýärler.

Maglumatlara görä, Hytaýyň robototehnika, algoritmler we emeli aň ulgamlaryny yzygiderli ösdürmegi ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň halkara tehnologiýa meýdançalaryndaky ornuny düýpli berkidýär hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini has-da giňeldýär.