Soňky geçirilen jemgyýetçilik pikirini öwreniş barlagynyň netijelerine görä, «Germaniýa üçin alternatiwa» (AfD) partiýasy Germaniýa Federatiw Respublikasynda syýasy güýçleriň reýtinginde öňdeligi saklaýar.

INSA sosiologik institutynyň «Bildam Sonntag» gazetiniň sargydy boýunça 5-9-njy oktýabr aralygynda 1 müň 207 adamyň arasynda geçiren barlagynyň netijelerine görä, nemes saýlawçylarynyň 30 göterimi «Germaniýa üçin alternatiwa» partiýasyna öz goldawyny bildirýär. Şunda neşiriň habar berşi ýaly, agzalan syýasy güýç Hristian-demokratik we Hristian-sosial bileleşikleriniň (HDB/HSB) konserwatiw blogyndan 11% öňe geçdi.

Pikir soralyşygyň netijelerine görä, HDB/HSB blogyny pikir soralyşyga gatnaşanlaryň diňe 19 göterimi goldamaga taýýardygyny bildirdi. Şunda «Ýaşyllar» partiýasy 14% bilen üçünji orny eýeleýär. Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasy (GSDP) 13%, Çepçi partiýa bolsa 10% ses toplady. Öz gezeginde, Erkin demokratik partiýa (ErDP) hem-de BSW partiýasy parlamente geçmek üçin zerur bolan bäş göterimlik çägi aşyp bilmedi.

Şeýlelikde, HDB/HSB blogyndan hem-de GSDP-den ybarat bolan koalisiýa jemi 32% ses toplaýar, bu bolsa hökümeti düzmek üçin gerekli köpçülikden ep-esli azdyr. INSA institutynyň ýolbaşçysy Herman Binkertiň bellemegine görä, Bundestagda köpçüligi emele getirmek üçin sesleriň 43 göteriminden sähelçe köp bölegi ýeterlikdir. Şunda iň ynamly köpçüligi «Germaniýa üçin alternatiwa» we HDB/HSB syýasy bileleşigi alyp biljekdi (49%), emma konserwatorlar tarapyndan şeýle hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi doly aradan aýryldy.