Belgiýanyň Antwerpen şäherinde dünýäniň iň zehinli şokolad we konditer ussalaryny bir ýere jemleýän “World Chocolate Masters 2026” halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry 2026-njy ýylyň 26–27-nji oktýabrynda geçiriler. Bäsleşige dürli ýurtlardan saýlanan 15 sany hünärmen gatnaşyp, dünýäniň iň ökde şokolad aşpezi diýen ada eýe bolmak ugrunda bäsleşer.
Bu ýylky bäsleşik 2005-nji ýyldan bäri geçirilýän halkara çäräniň dokuzynjy tapgyry bolup, ilkinji gezek Parižden başga ýerde guralýar. Bäsleşigiň geçiriljek ýeri hökmünde Antwerpen şäherindäki taryhy “Handelsbeurs” (Antwerpeniň gazna biržasy) binasy saýlandy. Çäräniň esasy maksady şokolad taýýarlamak sungatyny ösdürmek, ussatlaryň döredijiligini görkezmek we konditerçilik pudagyndaky täze pikirleri dünýä ýaýratmakdan ybaratdyr.
Bäsleşigiň şu ýylky şygary “Play & Taste”, ýagny “Oýna we tagamyny duý!” diýlip atlandyrylýar. Gatnaşyjylar şokolady diňe bir süýji önüm hökmünde däl, eýsem döredijilik we sungat eseri hökmünde hem görkezmäge çalşarlar. Aşpezlerden dürli tagamlary we şekilleri utgaşdyryp, özboluşly önümleri taýýarlamak talap ediler.
Iki gün dowam etjek bäsleşikde hünärmenler birnäçe döredijilik synagyndan geçerler. Olaryň arasynda dürli tagamly şokolad süýjülerini taýýarlamak, şokoladdan dürli şekilleri döretmek, täze görnüşli konditer önümlerini taýýarlamak we sowgat hökmünde hödürlenip bilinjek täsin şokolad taslamasyny döretmek bar. Birinji günüň ahyrynda gatnaşyjylaryň sekizisi indiki tapgyra geçer.
Bäsleşigiň eminler toparyna meşhur konditer ussady Amori Gişon ýolbaşçylyk eder. Şeýle hem ispaniýaly aşpez Žordi Roka we awstraliýaly konditer hünärmeni Kirsten Tibbolls eminler toparynyň esasy agzalarynyň hatarynda bolar. Olar gatnaşyjylaryň ussatlygyna, önümleriň tagamyna, daşky görnüşine we döredijilik aýratynlyklaryna baha bererler.
Bäsleşigiň esasy ýeňijisi 27-nji oktýabrda yglan ediler. Bäsleşigiň resmi web sahypasynda onuň esasy pursatlaryny göni ýaýlym arkaly yzarlamak hem mümkin bolar. “World Chocolate Masters 2026” diňe bir ussatlaryň arasyndaky bäsleşik bolman, eýsem şokolad sungatynyň täze mümkinçiliklerini görkezýän halkara meýdançadyr. Bu çäre arkaly döredijilikli pikirleriň, täze tagamlaryň we döwrebap usullaryň geljekde dünýäniň konditer dükanlarynda hem giňden ulanylmagyna garaşylýar.
Aýsenem Orazmämmedowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
PDF








