6–8-nji noýabrda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda emeli aň we robot tehnikasyna bagyşlanan “AI & Robotics Olympiad Grand Prix 2026” atly halkara çäre geçiriler. “Kuala Lumpur Convention Centre” merkezinde guraljak bäsleşige talyplarň, ýaş oýlap tapyjylaryň, inženerleriň we tehnologiýa hünärmenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Guramaçylaryň berýän maglumatlaryna görä, çärä 25-den gowrak ýurtdan 300-den gowrak ýokary okuw mekdebiniň hem-de orta mekdebiň wekilleri gatnaşmagyna garaşylýar.
Bu halkara çäräniň esasy maksady emeli aňyň we robot tehnikasynyň mümkinçiliklerini görkezmek, täze tehnologiýalary ösdürmek hem-de dürli ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda tejribe alyşmagy ýola goýmakdan ybaratdyr. Çäräniň maksatnamasynda 15 ugur boýunça bäsleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Olaryň arasynda özbaşdak hereket edýän robotlar, emeli aň, maşyn öwrenmesi, pilotsyz uçýan enjamlar, robot futboly we innowasion taslamalar bar.
Bäsleşigiň aýratyn gyzykly ugurlarynyň biri özbaşdak hereket edýän robotlaryň synagydyr. Bu ýaryşda robotlar päsgelçiliklerden geçmeli, daşky gurşawy tanamaly we öz hereket ugruny özbaşdak kesgitlemeli bolarlar. Şeýle hem pilotsyz uçýan enjamlar ýörite päsgelçilikli ýollarda ýaryşar. Robot futbolynda bolsa toparlar uzakdan dolandyrylmazdan, emeli aňyň kömegi bilen hereket edýän robotlarynyň mümkinçiliklerini görkezerler.
Çäräniň maksatnamasyna görä, 7-nji noýabrda ýaryşlaryň esasy tapgyrlary geçiriler. 8-nji noýabrda bolsa jemleýji ýaryşlar we baýrak gowşurylyş dabarasy bolar. Tapawutlananlara gatnaşyjylara çempionatyň kubogy, pul baýraklary we degişli diplomlar gowşurylar. Ýeňijileriň atlary çäräniň soňky gününde yglan ediler.
Halkara çäräniň ýene bir möhüm aýratynlygy täze tehnologiýalaryň diňe bäsleşik üçin däl, eýsem gündelik durmuşda peýdalanmak üçin hem ösdürilmegidir. Mysal üçin, maýyplygy bolan adamlara kömek edýän robotlar, önümçilik işlerini awtomatlaşdyrýan ulgamlar we birnäçe dile düşünip bilýän emeli aň programmalary adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berýär.
“AI & Robotics Olympiad Grand Prix 2026” çäresi ýaşlaryň ylma we tehnologiýa bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga, täze pikirleriň döremegine we halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine goşant goşmagyna garaşylýar. Bäsleşigiň netijeleri bolsa häzirki zaman robot tehnikasynyň ösüş derejesini we geljekde emeli aňyň ulanylyş mümkinçiliklerini görkezjek möhüm görkezijileriň biri bolar.
Aýsenem Orazmämmedowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
PDF








