UEFA Çempionlar Ligasynda liga tapgyrynyň 2-nji duşuşyklaryna badalga berildi.
Norwegiýada ýerli çempion “Wiking” bilen duşuşan “Bawariýa” toparyna ýeňiş bilen dolanmak başartmady. Eýýäm oýnuň 77-nji sekundynda ýer eýelerinden Stensness “Wikingi” öňe çykardy. 38-nji minutda Kristianseniň goly bilen hasap 2-0 boldy.
Ýöne 2-nji ýarymyň başynda “Bawariýa” hasaby deňlemek kyn düşmedi. 54-nji minutda penaltiden hem-de 60-njy minutda tapawutlanan Harri Keýn hasaby deňledi. Oýnuň 71-nji minutynda Luis Diazyň goly bilen “Bawariýa” öňe hem geçdi. Duşuşygyň 73-74-nji minutlarynda sary kart alan Maýkl Olise gyzyl kart aldy we “Bawariýa” galan minutlary 1 oýunçy kem oýnamaly boldy.

Oýnuň 90-njy minutynda Haugeniň goly bilen bu gezek hasaby deňlän ýer eýeleri bolup, netijede duşuşyk 3-3 hasabynda deňlikde tamamlandy. Ýaryşyň debýutanty “Wiking” topary Çempionlar Ligasyndaky ilkinji utugyny gazandy.

Germaniýanyň başga bir topary “Leipsig” öz meýdançasynda PSW toparyny Braýan Grudanyň 75-nji minutda uzakdan uran goly bilen 1-0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň 19-njy minutynda PSW toparynyň weteran oýunçysy Iwan Perişiç penaltini dürs urup bilmedi.
PDF








