Golaýda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Hojamuhammet Çüriýewiň 60 ýaşynyň dolmagy mynasybetli şahsy döredijilik sergisi geçirildi.
H.Çüriýewiň sergide ýerleşdirilen “Keşdeçiler” atly uly göwrümli birnäçe tapgyrdan ybarat eseri, “Kejebe”, “Çapar”, “Üç gözellik”, “Gözel sen”, “Näme sen” ýaly eserleri bellenilmäge mynasypdyr.
Suratkeş H.Çüriýew türkmen dünýäsini, taryhyny, gelin-gyzlaryň keşbini we olaryň uz barmaklaryndan döreýän el işlerini dürli öwüşginleriň üsti bilen kendire siňdirýär. Ol eserlerinde metaforik şekilleri we dürli çeperçilik serişdelerini ussatlyk bilen ulanýar.
Serginiň merkezini bezeýän işiň köp bölegi akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanypdyr. Magtymguly Pyraga bagyşlanyp döredilen eserleriniň sany 50-den gowrak bolup, olardan “Türkmen binasy”, “Türkmeniň”, “Gözel sen” ýaly goşgularyna döredilen nakgaşlyk eserleri aýratyn tapawutlanýar.
Suratkeşiň 5 sany işden ybarat bolan “Toý” atly eseri sergide aýratyn saýlanan işleriň biri boldy. Eserde türkmen toýunyň uludan tutulýandygy, milli oýunlar, toýuň ýaraşygy bolan bedew atlar reňkleriň dili bilen kendire geçirilipdir. Sergide halypa suratkeşiň 140-dan gowrak işi görkezildi.
Çeşme: medeniyet.gov.tm
PDF








