24-nji oktýabrda Gyrgyz Respublikasynda geçiriljek «National Green Day» atly köpçülikleýin çäräniň çäginde bir günüň dowamynda 100 müň düýp agaç nahalyny oturtmak göz öňünde tutulýar. Bütin ýurtda giňden guraljak bu giň gerimli ekologiýa çäresi bir wagtda ýurduň birnäçe sebitlerini öz içine alar.
Bu uly möçberli ekologiýa başlangyjy «JASHYL DEM» ekologiýa guramasy tarapyndan öňe sürlüp, onuň esasy maksady ýerli ýaşaýjylary, meýletinçileri, telekeçilik we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini ýurtda amatly ekologiýa gurşawyny emele getirmek hem-de ilat arasynda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek işine işjeň çekmekden ybaratdyr.
Bu çäre döwlet edaralarynyň wekilleriniň, tokaý hojalygy hünärmenleriniň hem-de meýletinçileriň gatnaşmagynda geçiriler.
PDF








