Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasy (OPEK) 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan günlük islegiň ösüş çaklamasyny öňki 1,4 million barrel derejesinden 400 müň barrele çenli düýpli peseltdi. Bu barada OPEK-iň Baş sekretary Haýsam Al Gaýs Er-Riýat şäherinde geçirilen 25-nji WPC Energetika kongresinde eden çykyşynda habar berdi.

OPEK-iň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, çaklamanyň peseldilmegi dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlar we sarp edişdäki üýtgeşmeler bilen baglanyşyklydyr. Şunda nebite bolan isleg doly ýitirilmän, diňe birneme gijikdirildi. Ýagny wagtlaýyn yza süýşürilen bu sarp edişiň 2027-nji ýylda kem-kemden yza gaytarylyp, dikeldilmegine garaşylýar.

Şeýle hem çykyşda 2050-nji ýyla çenli dünýäde ilkinji energiýa serişdelerine bolan islegiň 23% artjakdygy bellenildi. Energetika pudagyna ýeterlik maýa goýumlarynyň çekilmezliginiň bolsa, eýýäm, nebiti gaýtadan işleýän ulgam ýaly möhüm ugurlara öz ters täsirini ýetirýändigi nygtaldy.