Bu waka, adatça, hepdede bir gezek – ýekşenbe güni bolýar. Elbetde, ýekşenbe güni-de beýleki günler ýaly ir säherden başlanýar.
– Kostýa jan, çaltrak el-ýüzüňi ýuwup, saçagyň başyna geç – diýip, ejesi ogluna ýüzlendi.
– Oglum, çaltrak iý – diýip, kakasy aladaly sagadyna seretdi-de, yzyndanam:
– Bolduňmy?! Hany, gideli – diýdi.
Kostýa ejesidir kakasynyň elinden tutup, sowuk gyş säheri bileje köçä çykdylar.
– Tizräk, gijä galyp barýas.
Çagalar bagynda Kostýany ozup biljek çaga ýok. Eger egnindäki ýyljajyk paltosy hemem burnuna çenli örtüp duran şarfy bolmadyk bolsa, onuň hossarlaryndan yza galmajagy ikuçsyzdy. Gowy ýeri, kinoteatr o diýen bir uzakda däldi.
Zalyň içi tüm garaňkydy. Çyralar ýaňyja öçürilipdir. Kostýa ejesidir kakasy bilen ýerlerine geçip oturdylar. Kinonyň birinji ýarymynda oglanjyk galyň paltonyň içinde yssylap, garadere batyp otyrdy. Ol edil kinodaky atlar ýaly haşşyldap zordan dem alýardy. Birdenkä, ekrandaky atlar nirädir bir ýere sumat boldular-da, olara derek adamlar göründi. Olar öz aralarynda jedelleşip, alagoh turuzýardy. Eger Kostýa dagy çagalar bagynda şeýle goh turuzaýsalar, terbiýeçi Zinaida Mihaýlowna olara bireýýäm gatyrganardy. Ýöne näme üçindir kinoda hiç kimiň biri-birine gahary gelenok. Tersine, olar zalda oturan adamlary hem gyzyl-gyran güldürdiler. Ejesi:
– Kostýa jan, kino saňa ýaradymy? – diýip sorady.
Içeriniň garaňkylygy hem-de petiş howasy oglanjygyň ukusyny tutdurdy. Ol kiçijik ýumrugy bilen gözlerini hernäçe gezek owkalasa-da, kirpikleri biri-birine degip barýardy. Kostýa ejesiniň ýüzüne tiňkesini dikdi. Elbetde, bu ýerde uklamak, ýumşajyk krowatda ýatmakdan oňaýsyzrakdy. Ol ýaňy uka gidende zalyň çyralary ýandy. Kostýany ukudan oýardylar. Ejesi onuň şarfyny dolady. Kakasy bolsa:
– Hany, çaltrak gideliň, ýogsam gijä galarys – diýdi. Olar köçe bilen ylgaşlap gelip, tramwaýa mündüler. Tramwaý birnäçe wagt ýol külterläp, duralgalaryň birinde saklandy. Konduktor:
– Haýwanat bagy – diýip, ýolagçylara ýetilen menzili duýdurdy.
Ine, olar haýwanat bagyna geldiler. Oglanjyk ozal diňe suratyny görüp ýören haýwanlaryny ilkinji gezek janly synlaýardy.
– Ana, ol ýumşajyk sary guýrukly haýwan nämekä? Wiý, asyl mekir tilki eken-ä bu. Ah, senjagaz mekir diýsäni!
– Kostýa, eglenmesene, tizräk bol, pili göreli – diýip, ejesi ony gyssamaga başlady.
…Hawa, pil hem synlanyňa degýän haýwan eken. Gaty äpet, özem haýbatly görünýär. Holtumynyň iki-baka çalt hereket edişini bir gör-ä onuň…
Ejesi ýene onuň egninden çekdi:
– Ýör, ana, o taýda gaplaň bar.
Gaplaňdan soň, ýolbars, ondan soň, syrtlan bar. Ondan soň, keýik, los, ýabany öküzler… Garaz, bu ýerde dürli haýwanlar bar. Ak aýy hezil edip, suwda ýüzüp ýör. Ýöne Kostýanyň olary synlamaga mydary galmady. Adatça, günüň bu wagty çagalar bireýýäm öýlänlik edinip, bireýýäm süýji ukuda bolýardylar.
… Olar haýwanat bagyndan çykanda, iňrik garalyp ugrapdy.
– Oglum, pili neneň gördüň, göwnüňe ýaradymy? – diýip ejesi Kostýadan sorady.
– Hawa, eje.
– Aýy nähili eken?
– Olam ýarady… Men öýe gitjek, öýe gidesim gelýär, eje!
Oglanjyk kynlyk bilen ädimläp barşyna, ahyry möňňürip aglamaga başlady.
– Oglum, saňa näme boldy? Nämä aglaýaň?–diýip, kakasy ony göterdi.
– Aglama, oglum, aglama! Indiki ýekşenbe, nesip bolsa, ýene bir ýere gezmäge gideris. Sirke gidesiň gelýärmi?..
Ýöne oglanjykdan hiç hili jogap çykmady. Ol kakasynyň egnine başyny goýup, süýji uka gidipdi…
Terjime eden Jemşit DURDYÝEW,
Dänew etrabynyň 38-nji orta
mekdebiniň mugallymy.