1-nji okt­ýabr­da dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da Hal­ka­ra ko­fe gü­ni bel­le­nip ge­çil­di. Onuň res­mi se­ne­si­ni Bü­tin­dün­ýä ko­fe gu­ra­ma­sy (In­ter­na­tio­nal Cof­fee Or­ga­ni­za­ti­on) 2014-nji ýyl­da tas­syk­la­dy. Bu ka­rar gu­ra­ma gir­ýän 77 ýur­duň we­kil­le­ri we dün­ýä­niň on­lar­ça ko­fe as­so­sia­si­ýa­la­ry ta­ra­pyn­dan ma­kul­lan­dy. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň en­çe­me ýurt­la­ry Hal­ka­ra ko­fe gü­nü­ni bel­läp geç­ýär.
Ko­fe­ni äh­li ýer­de ýe­tiş­di­rip bol­ma­ýar. Ko­fe “Ze­mi­niň ko­fe gu­şak­ly­gy” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan ýer­ler­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Dün­ýä­niň 80 ýur­dy do­lu­ly­gy­na ýa-da bö­lek­le­ýin ko­fe gu­şak­ly­gy­na gir­ýär. Olar Af­ri­ka, Azi­ýa, Okea­ni­ýa we Gü­nor­ta Ame­ri­ka ýa­ly se­bit­le­re şert­le­ýin bö­lün­ýär. Ko­fe aga­jy yn­jyk bo­lup, ýylbo­ýy 18-22 ýy­ly­lyk de­re­je­sin­den geç­me­ýän çyg­ly ho­wa­da ös­ýär. Şeý­le şert­le­re eýe bo­lan se­bit­ler ek­wa­to­ryň ug­run­da ýer­le­şýär. Biz şu ma­ka­la­myz­da “Ýe­riň ko­fe gu­şak­ly­gy”, iri ko­fe ön­dü­ri­ji­ler hem-de dür­li se­bit­ler­de ko­fe­niň ön­dü­ri­li­şi­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry si­ze ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.

Mer­ke­zi we Gü­nor­ta Ame­ri­ka
Bra­zi­li­ýa – dün­ýä ba­za­ry­na iň esa­sy ko­fe eks­port edi­ji ýurt­dur. Bu ýurt­da öz­leş­di­ri­len düz­lük ýer­le­riň bäş­den bir bö­le­gi­ni ara­bi­ka at­ly ko­fe plan­ta­si­ýa­sy eýe­le­ýär. Ko­fe agaç­la­ry­nyň umu­my sa­ny 6 mil­liard­dan geç­ýär. Ýurt­da 3,5 mil­li­on­dan gow­rak ada­myň işi ko­fe önüm­çi­li­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bra­zi­li­ýa şu gün­ki gün­de dün­ýä­niň ko­fe­si­niň üç­den bir bö­le­gi­ni ön­dür­ýär. Ýurt­da ko­fe­niň dür­li gör­nüş­le­ri ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär.
Ko­lum­bi­ýa – ko­fe önüm­çi­li­gi­niň ägir­di bo­lan ikin­ji ýurt­dur. Bu ýurt­da de­ňiz de­re­je­sin­den 1500-1800 metr be­lent­lik­den ýur­dy ke­sip geç­ýän And da­gy­nyň ul­gam­la­ry­nyň eň­ňit­le­rin­de ko­fe ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Ýur­duň ho­wa şert­le­ri ko­fe­niň iň go­wy gör­nüş­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mä­ge ýa­ram­ly bo­lup, ir za­man­lar­dan bä­ri öz ko­fe­si bi­len giň­den ta­nal­ýar. Dün­ýä­de ön­dü­ril­ýän ko­fe­niň 15 %-den gow­ra­gy bu ýurduň pa­ýy­na düş­ýär. Ko­fe plan­ta­si­ýa­la­ry­nyň meý­da­ny 4,5 mil­li­on gek­tar­dan gow­rak. Ko­fe ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bi­len 300 müň hojalyk meş­gul­lan­ýar. Ko­lumb ko­fe­si özü­niň goýulygy, turşulygynyň ortaça derejesi we hoş­boý ysy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Mek­si­ka – 400 müň gek­tar tö­we­re­gi ko­fe plan­ta­si­ýa­sy­na eýe bo­lup, her ýyl­da 300 müň ton­na tö­we­re­gi ýa­şyl ko­fe ýyg­na­ýar. Mek­si­ka­da ko­fe, esa­san, ýur­duň gü­nor­ta­syn­da­ky We­rak­rus, Oa­ha­ka ştat­la­ryn­da we Çýa­pas şä­he­ri­niň tö­we­re­gin­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Mek­si­kan ko­fe­si­ni gowy ta­ga­my, ýakymly ysly düzümi, çala turşulygy we oňat doý­gun­ly­gy üçin ha­la­ýar­lar.
Gwa­te­ma­la – bu ýer­dä­ki wul­kan dag­la­ry­nyň eň­ňit­le­rin­de ýo­ka­ry hil­li ara­bi­ka dä­ne­si­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin oňaý­ly şert­ler dö­re­di­len. Ýurt­da 800 mil­li­on­dan gow­rak ko­fe agajy ha­syl ber­ýän bol­sa, ýe­ne-de 38 mil­li­on agaç di­ňe kö­le­ge­si üçin ula­nyl­ýar. Ýa­şyl ko­fe­niň has uly bö­le­gi ýur­duň gü­nor­ta­syn­da ön­dü­ril­ýär.
Kos­ta-Ri­ka – ko­fe agaç­la­ry­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin ýur­duň be­lent dag­la­ry­nyň ýap­gyt­la­ryn­da oňaý­ly ho­wa şert­le­ri bar. Şu gün­ki gün­de ýurt­da 80 müň­den gow­rak ko­fe ön­dü­ri­ji bar diý­lip ha­sap­lan­ýar. Her ýyl­da 400 müň ton­na­dan gow­rak ko­fe ha­sy­ly ýyg­na­lyp, ola­ryň 90 %-i eks­port edil­ýär. Ko­fe­niň esa­sy bö­le­gi paý­tag­tyň tö­we­re­gin­de ýer­le­şen dört we­la­ýa­tyň ow­nuk daý­han ho­ja­lyk­la­ryn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär.
Ni­ka­ra­gua – de­ňiz de­re­je­sin­den 1300 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýän ko­fe plan­ta­si­ýa­la­ry üçin örän amat­ly ho­wa şert­le­ri bar. Ko­fe dä­ne­si­niň önüm­çi­li­gi ýyl­da 60 müň ton­na ba­ra­bar. Ni­ka­ra­gua ko­fe­si aram turşulygy, ýo­ka­ry doý­gun­ly­­gy hem-de oňat ysy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

Af­ri­ka
Ke­ni­ýa – ýur­duň gün­ba­ta­ryn­da­ky de­ňiz de­re­je­sin­den 1300-2000 metr be­lent­lik­dä­ki dag­la­ryň eň­ňit­le­rin­de ýer­leş­ýän plan­ta­si­ýa­lar­da arabika kofesi ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Ke­ni­ýa­nyň wul­ka­nik top­ra­gy we onuň ek­wa­to­ra go­laý çäk­le­ri ýer­li plan­ta­si­ýa­lar­da ko­fe ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin oňaý­ly şert­le­re ke­pil geç­ýär. Iň go­wy Ke­ni­ýa ko­fe­si Ki­li­man­ja­ro we Me­ru dag­la­ry­nyň ýap­gyt­la­ryn­da ös­dü­ri­lip ýetişdirilýär.
Efio­pi­ýa – bu ýur­dy ara­bi­ka ko­fe­si­niň dö­rän ýe­ri di­ýip hasapla­ýar­lar. Bu ýer­de ko­fe­niň has ir­ki dö­wür­ler­de hem ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len­di­gi aý­dyl­ýar. Ko­fe agaç­la­ry de­ňiz de­re­je­sin­den 1100 metr­den 2100 met­re çen­li be­lent­lik­dä­ki 460 müň gek­tar­dan gow­rak meý­da­ny eýe­läp, ýurt bo­ýun­ça her ýyl­da 200-240 müň ton­na ko­fe ha­sy­ly ýyg­nal­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Efio­pi­ýa­nyň ýaşaýjylarynyň dörtden biri (12 mil­li­on tö­we­re­gi adam) ko­fe ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek bi­len meş­gul­lan­ýar.
Tan­za­ni­ýa – ko­fe eks­por­ty döw­let býu­je­ti­niň iň esa­sy gir­de­ji­li bö­le­gi ha­sap­lan­ýar. Tan­za­ni­ýa Af­ri­ka ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da ko­fe önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça 6-njy or­ny eýe­le­ýär. Hö­kü­met ýa­kyn on­ýyl­lyk­da Tan­za­ni­ýa­ny dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki eks­port edi­ji ýur­da öwür­me­gi ni­ýet edin­ýär. Şu mak­sat bi­len 200 mil­li­on ko­fe na­ha­ly­ny ek­mek bo­ýun­ça tas­la­ma ama­la aşy­ryl­ýar. Tan­za­ni­ýa­nyň ko­fe yl­my-bar­lag­lar ins­ti­tu­ty ýur­duň ko­fe plan­ta­si­ýa­la­ry­ny tä­ze­le­mek mak­sa­dy bi­len şeý­le agaç­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýär.
Zim­bab­we – Af­ri­ka yk­ly­my­nyň gü­nor­ta bö­le­gin­de, Wik­to­ri­ýa şag­la­wu­gy bi­len Zam­be­zi we Lim­po­ta der­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da ýer­leş­ýär. Giň ge­rim­li ko­fe önüm­çi­li­gi 1960-njy ýyl­da ýo­la go­ýul­ýar. Amatly ho­wa şert­le­ri we dag rel­ýe­fi çäk­li muk­dar­da ýo­ka­ry hil­li ko­fe ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Azi­ýa
Ýe­men – Efio­pi­ýa­dan giz­lin ýol­lar ar­ka­ly ko­fe dä­ne­le­ri ge­ti­ri­len il­kin­ji ýurt­dur. Şol ýer­den hem ko­fe bü­tin dün­ýä ýaý­rap baş­la­ýar. Ta­ryh­çy­lar Ýe­me­ni me­de­ni­ýe­tiň ga­dy­my ojak­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­la­ýar­lar. Ol Arap ýa­rym ada­sy­nyň gü­nor­ta­syn­da, Gü­nor­ta-Gün­ba­tar Azi­ýa­da ýer­leş­ýär. XVII asy­ryň ahy­ry­na çen­li Ýe­men ýe­ke-täk ko­fe eks­port edi­ji ýurt bo­lup, ol ga­dy­my El-Mo­ha por­tun­dan ugur alyp­dyr. Wag­tyň geç­me­gi bi­len ýew­ro­pa­ly­lar ýe­men ko­fe­si­ni “mok­ko” di­ýip at­lan­dy­ryp­dyr­lar we ol şu gün­ki gün­de hem şeý­le at­lan­dy­ryl­ýar.
Hin­dis­tan – bu ýurt­da ko­fe plan­ta­si­ýa­la­ry eý­ýäm üç asyr­dan bä­ri bar. Ro­wa­ýat­la­ra gö­rä, 1670-nji ýyl­da mu­sul­man sy­ýa­hat­çy­sy Ba­ba Bu­dan Ýe­men­den ko­fe to­hu­my­ny ge­ti­rip hin­di top­ra­gyn­da ekip­dir. Hin­dis­tan­da di­ňe soň­ky 150 ýy­lyň için­de ko­fe­niň söw­da önüm­çi­li­gi ýaý­baň­lan­ýar. Hin­di ko­fe­si hem has goýulygy, sähel ajylygy we ýakymly ysy bi­len kö­püň göw­nün­den tur­ýar. Bu ýurt dün­ýä ba­za­ry­na ko­fe­niň bir­nä­çe gör­nü­şi­ni, şol san­da, “Man­sun Ma­la­bar” di­ýen öz­bo­luş­ly gör­nü­şi­ni eks­port ed­ýär.
Indoneziýa – ýurtda öndürilýän kofe onuň haýsy adada öndürilendigine görä tapawutlandyrylýar. Ýawa, Su­mat­ra we Su­la­we­si adalary ýurduň esasy kofe öndürilýän ýerleridir. 1712-nji ýyl­da Ýa­wa­dan ge­ti­ri­len ko­fe il­kin­ji ge­zek Ams­ter­dam­da sa­ty­lyp, şon­dan bä­ri In­do­ne­zi­ýa­da, esa­san hem, Ýa­wa ada­la­ryn­da ko­fe önüm­çi­li­gi giň­den ýaý­baň­lan­dy­ry­lyp baş­lan­ýar we köp ýurt­la­ryň ze­rur­ly­gy­ny ka­na­gat­lan­dyr­ýar. XIX asy­ryň or­ta­la­ryn­da Ýa­wa­nyň ara­bi­ka ko­fe­si ju­da köp ön­dü­ri­lip, Ýew­ro­pa­da oňa “Ýa­wa” di­ýip at goý­ýar­lar. Bu gör­nü­şi­niň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy ola­ryň üç ýy­la çen­li am­mar­lar­da sak­lan­ma­gy­dyr. Şu­nuň ýa­ly sak­la­nan­da ýa­şyl dä­ne­ler go­ňur reň­ke öw­rü­lip, öz­bo­luş­ly ta­ga­ma eýe bol­ýar­lar. Ko­fe­niň bu gör­nü­şi uzak wagt­lap ba­zar­dan ýi­tip, ýa­kyn ýyl­lar­da gaý­ta­dan di­kel­dil­di.
In­do­ne­zi­ýa­nyň ikin­ji uly ada­sy Su­mat­ra­nyň ara­bi­ka­sy özü­niň “Mand­he­ling”, “An­ko­la” ýa­ly gör­nüş­le­ri bi­len meş­hur­dyr. Bu ko­fe­le­riň iki gör­nü­şi hem Pa­dang por­tu­nyň go­la­ýyn­da, ada­nyň gün­ba­tar we mer­ke­zi bö­lek­le­rin­dä­ki (de­ňiz de­re­je­sin­den 1000-2000 metr belentlikde) dag­la­ryň ýap­gyt­la­ryn­da­ky plan­ta­si­ýa­lar­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Su­mat­ra ko­fe­si­niň kä­bir gör­nüş­le­ri hakyky ta­ga­my­na gel­ýän­çä bir ýyl­dan gow­rak wagt am­mar­lar­da sak­lan­ýar.
Ara­bi­ka ko­fe­si Su­la­we­si adasynyň mer­ke­zin­dä­ki we gü­nor­ta­syn­da­ky dag­lyk ýer­ler­dä­ki et­rap­lar­da ön­dü­ril­ýär. Ko­fe agaç­la­ry öý­le­riň tö­we­re­gin­dä­ki meý­dan­lar­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­lip, ola­ryň şah­sy em­lä­gi­ne gir­ýär. Her bir maş­ga­la­nyň ýyg­na­lan ha­sy­ly gaý­ta­dan iş­läp be­jer­mek­de öň­den gel­ýän däp-des­sur­la­ry bo­lup, ol ne­sil­den nes­le ge­çip gel­ýär.