Moskwada meýdany 280 müň inedördül metre deň bolan täze işewürlik toplumy gurlar. Bu toplum ägirt uly göze meňzeş binagärlik gurluşy bilen tapawutlanar. Şäher gurluşygy edarasy tarapyndan tassyklanan taslama boýunça bu ýerde döwrebap iş otaglary, dükanlar, sport merkezleri we ýaşyl seýilgäh zolagy ýerleşdiriler. Taslamany «Новая эра» kärhanasy hem-de IND binagärlik býurosy taýýarlady.