Diş çot­ga­sy di­şi we diş eti­ni aras­sa­la­ma­ga ni­ýet­le­nip, onuň yzy­gi­der­li ula­nyl­ma­gy luk­man­lar ta­ra­pyn­dan mas­la­hat be­ril­ýär. Adat­ça, dü­zü­min­de fto­rid bo­lan diş pas­ta­la­ry agyz boş­lu­gy­ny has go­wy aras­sa­la­ýan se­riş­de bo­lup, diş çot­ga­sy bi­len bi­le­lik­de ula­nyl­ýar. Diş çot­ga­la­ry ga­ty­ly­gy, şe­ki­li ba­bat­da dür­lü­çe bol­ýar. Luk­man­lar adat­ça, ýum­şak çot­ga­la­rdan peýdalan­ma­gy mas­la­hat ber­ýär. Se­bä­bi ga­ty çot­ga­lar di­şiň syr­ça­sy­na ze­per ýe­tir­ýär. Hä­zir­ki wagt­da giň­den ula­nyl­ýan diş çot­ga­la­ry il­kin­ji ge­zek Hy­taý­da peý­da bo­lup­dyr. XVII asyr­da Gün­do­gar Azi­ýa ýurt­la­ry­na ba­ran tä­jir­leriň we ja­han­keş­de­leriň ony Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na äkit­me­gi bi­len ýaý­rap baş­la­ýar.
Diş çot­ga­la­ry peý­da bol­maz­dan ozal, adam­lar di­şi­ni we agyz boş­lu­gy­ny aras­sa­la­mak üçin dür­li zat­lar­dan peý­da­la­nyp­dyr. Mu­ňa dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­de ge­çi­ri­len ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de ta­py­lan gu­ral­lar şa­ýat­lyk ed­ýär. Ola­ryň ara­syn­da mes­wäk, aga­jyň şa­ha­syn­dan, süňk­den ýa­sa­lan diş synç­gar, kir­pi­niň iň­ňe­si ýa­ly zat­lar bar. Ola­ryň diş çot­ga­sy­na iň meň­ze­şi bol­sa el­bet­de, mes­wäk­dir. Mes­wä­giň il­kin­ji ge­zek Mü­sür­de we Wa­wi­lon­da ula­ny­lyp baş­la­nan­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Esasan, meswäk agajynyň (“Salvadora persica”) şa­ha­jyk­la­ryn­dan ýa­sal­ýan mes­wäk diş sag­ly­gy üçin ösen luk­man­çy­lyk yl­my ta­ra­pyn­dan hem mas­la­hat be­ril­ýär. Şa­ha­jy­gyň uç ta­ra­py­nyň ga­by­gy ar­ty­lyp, iç­ki bö­le­gi ma­za­ly ow­ka­lan­ma­gy bi­len ker­tik-ker­tik gör­nü­şe ge­ti­ri­lip, çot­ga meň­ze­dil­ýär. Wa­wi­lon ýadygärliklerinden ta­py­lan iň ga­dy­my mes­wäk mi­la­dy­dan ozal­ky 3500-nji ýyl bi­len se­ne­len­ýär. Şeý­le hem Mü­sür­de mi­la­dy­dan ozal­ky 3000-nji ýyl­la­ra de­giş­li, Hy­taý­da mi­la­dy­dan ozal­ky 1600-nji ýyl­la­ra de­giş­li ta­ry­hy çeş­me­ler­de dişi arassalamakda ulanylan gurallar ba­ra­daky mag­lu­mat­la­ra ga­bat gel­mek bol­ýar. Ga­dy­my grek­le­riň we rim­li­le­riň hem diş synç­gar­la­ry ula­nan­dy­gy ba­ra­da mag­lu­mat­lar bar. Ys­lam di­nin­de bol­sa, aras­sa­çy­ly­ga aý­ra­tyn üns ber­lip, meswägiň yzy­gi­der­li ula­nyl­ma­gy mas­la­hat be­ril­ýär. Şol se­bäp­li VII asyr­dan baş­lap Gündogar ýurtlarynda meswäk giň­den ýaýrapdyr.
Döw­re­bap diş çot­ga­sy­na meň­zeş il­kin­ji çot­ga­lar Tan di­nas­ti­ýa­sy (619-907) döw­rün­de Hy­taý­da ula­ny­lyp­dyr. Şol dö­wür­de diş çot­ga­la­ry ýa­ba­ny haý­wan­la­ryň tü­ýün­den ýa­sa­lyp­dyr. So­wuk ho­wa­ly Si­bir­de we De­mir­ga­zyk Hy­taý­da ýa­şa­ýan ýa­ba­ny haý­wan­la­ryň tü­ýü­niň has ga­ty bol­ýan­dy­gy se­bäp­li olar çot­ga ýa­sa­mak üçin amat­ly bo­lup­dyr. Ola­ryň gy­ly bam­buk ýa-da süňk­den edilen sap­la­ra ýel­me­nip ýa­sa­lyp­dyr. Ýew­ro­pa­da ula­ny­lan diş çot­ga­sy ba­ra­da­ky il­kin­ji mag­lu­mat­lar En­to­ni Wu­duň 1690-njy ýyl­da ýa­zan aw­to­bi­og­ra­fi­ýa­syn­da gabat gelýär. Ol tag­ta­dan ýa­sa­lan diş çot­ga­sy­ny J. Bar­ret at­ly bi­rin­den alan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Ýew­ro­pa­ly­lar hy­taý­ly tä­jir­le­riň ge­ti­ren diş çot­ga­la­ry ga­ty bo­lan­soň, at guý­ru­gyn­yň ýum­şak gylyndan ýa­sa­lan çot­ga­la­ry ula­nyp baş­la­ýar­lar. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, Ýew­ro­pa ýurt­la­ry at ýa-da öküz tü­ýün­den ýa­sa­lan diş çot­ga­la­ry ge­çen asy­ryň or­ta­la­ry­na çen­li Hy­taý­dan im­port et­me­gi­ni do­wam et­dir­ýär­ler.
Ang­li­ýa­ly Wil­li­am Ad­dis 1780-nji ýyl­da diş çot­ga­sy­nyň köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gi­ni Ýew­ro­pa­da il­kin­ji bo­lup ýo­la goý­ýar. Onuň bu kä­ri­ni og­ly Wil­lia­m do­wam et­dir­ýär. Wag­tyň geç­me­gi bi­len çyg­ry gi­ňän “Wis­dom” at­ly kom­pa­ni­ýa 1996-njy ýy­la çen­li şol maş­ga­la­nyň ag­za­la­ry eýe­çi­lik ed­ýär.
Ge­çen asy­ryň baş­la­ryn­da sin­te­tik ma­te­ri­al­lar­dan ön­dü­ri­len diş çot­ga­la­ry peý­da bo­lup baş­la­ýar. “Broxodent” at­ly kom­pa­ni­ýa dün­ýä­de il­kin­ji tok­ly çot­ga­ny 1954-nji ýyl­da Şweý­sa­ri­ýa­da ön­dür­ýär.
1980-nji ýyl­lar­da has go­wy aras­sa­la­ýan te­kiz bol­ma­dyk er­go­no­mik şe­kil­li çot­ga­lar peý­da bol­ýar.