12-16-njy okt­ýabr ara­ly­gyn­da Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Že­ne­wa şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bos­gun­la­ryň işi bo­ýun­ça Ýo­ka­ry Ko­mis­sa­ry­nyň Mak­sat­na­ma­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň 77-nji mej­li­si­niň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy A.Sa­za­ko­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti bi­len BMG-niň Bos­gun­lar bo­ýun­ça tä­ze saý­la­nan Ýo­ka­ry Ko­mis­sa­ry je­nap Bar­ham Sa­li­hyň ara­syn­da iki­ta­rap­la­ýyn iş du­şu­şyk ge­çi­ril­di.

Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy je­nap Bar­ham Sa­li­hi bu ýo­ka­ry we jo­gap­kär­li we­zi­pä saý­lan­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy hem-de oňa yn­san­per­wer işin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. Şeý­le hem ta­rap­lar köp­ýyl­lyk hyz­mat­daş­ly­gyň oňyn ne­ti­je­le­ri­ni nyg­tap, şu çä­rä­niň Bos­gun­la­ryň sta­tu­sy ha­kyn­da­ky 1951-nji ýy­lyň Kon­wen­si­ýa­sy­nyň 75 ýyl­ly­gy bi­len ga­bat gel­ýän­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­läp geç­di­ler.
Gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da 2024-nji ýyl­da BMG-niň Bos­gun­la­ryň işi bo­ýun­ça Ýo­ka­ry Ko­mis­sa­ry­nyň Mak­sat­na­ma­sy bi­len ýa­kyn hyz­mat­daş­lyk­da öz çä­gin­dä­ki ra­ýat­syz­ly­gyň äh­li ýag­daý­la­ry bo­ýun­ça iş­le­ri üs­tün­lik­li ta­mam­lan Türk­me­nis­ta­nyň uly tej­ri­be­si aý­ra­tyn nyg­tal­dy. Yn­san­per­wer sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mek ýyl­la­ry­nyň do­wa­myn­da 32 müň­den gow­rak adam Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­ly­gy­na ka­bul edil­di, 5 müň­den gow­rak ada­ma bol­sa Türk­me­nis­tan­da ýa­şa­mak üçin yg­ty­ýar­na­ma be­ril­di. Bu ug­ruň mö­hüm do­wam­ly­ly­gy hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­ly­gy­nyň şan­ly baý­ram­çy­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, 146 sa­ny da­şa­ry ýurt ra­ýa­ty­na Türk­me­nis­tan­da ýa­şa­mak üçin yg­ty­ýar­na­ma be­ril­di.
Öz ge­ze­gin­de, BMG-niň Bos­gun­la­ryň işi bo­ýun­ça Ýo­ka­ry Ko­mis­sa­ry je­nap Bar­ham Sa­lih Türk­me­nis­tan­da yn­san­per­wer me­se­le­le­ri ba­ba­tyn­da ge­çi­ri­len köp san­ly mas­la­hat­lar, du­şu­şyk­lar, fo­rum­lar we hal­ka­ra çä­re­ler tu­tuş dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gol­da­nyl­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­läp geç­di.

Çeş­me: mig­ra­ti­on.gov.tm