Geçen möwsümiň ahyrynda “Real Madriddäki” şertnamasy tamamlanan sagy gyraky goragçy Dani Karwahal Madridiň başga bir toparynyň düzümine goşuldy. 34 ýaşyndaky oýunçy erkin agent ýagdaýda “Hetafe” topary bilen şertnama baglaşdy. Şertnamanyň möhleti häzirlikçe möwsümiň ahyryna çenli bolar.

2010-njy ýyldan bäri “Real Madridiň” köýnekçesini geýen Karwahal 2012/23 möwsüminde “Baýerde” çykyş etdi. Ol “Realyň” düzüminde 451 oýunda 14 gol geçirdi. Ispan topary bilen 26 kubok gazanyp, şolaryň 6-sy UEFA Çempionlar Ligasynyň çempionlygydyr. Çempionlar Ligasynyň iň köp gazanan oýunçylaryň biri bolan Karwahal täze toparynda 14-nji belgide çykyş eder.

Ol Ispaniýanyň ýygyndysynda-da 52 duşuşykda 1 goly öz adyna ýazdyrdy.