Hytaý Halk Respublikasy bilen Koreýa Halk-Demokratik Respublikasy 15-nji oktýabrda serhetýaka söwdasyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljak täze dört zolakly awtomobil köprüsini resmi taýdan ulanmaga berdi.
Uzynlygy 3 kilometr 26 metre deň bolan Ýalu derýasynyň üstündäki köpri Hytaýyň Dandun serhet şäherini Koreýanyň Sinyýju şäheri bilen birleşdirýär. Dabaraly çäräniň çäginde Dandun şäherinde ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda iki ýurduň döwlet baýdaklary we güller bilen bezelen ýük awtomobilleriniň gatnawy dabaraly ýagdaýda başlandy.
Gurluşyk işleri 2014-nji ýylda tamamlanan hem bolsa, Koreýa tarapynda birleşdiriji ýollaryň we gümrük desgalarynyň taýýar edilmändigi sebäpli köpri 12 ýylyň dowamynda ulanylman galypdy. Şeýlelikde, bu köpriniň açylmagy epidemiologik çäklendirmelerden we ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky bökdençliklerden soň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täzeden dikeltmekde möhüm ädim boldy.
Täze serhet geçelgesi haryt dolanyşygyny aňsatlaşdyrmaga hem-de 1943-nji ýyldan bäri ulanylyp gelinýän Hytaý-Koreýa dostluk köprüsiniň ýüküni ýeňilletmäge mümkinçilik berer. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, täze geçelge arkaly ýük daşamalaryň, esasan hem, agyr tehnikalaryň hem-de gurluşyk serişdeleriniň eltiliş möçberi 3–4 esse artar.
Hytaý Halk Respublikasy Koreýanyň iň iri söwda hyzmatdaşy we esasy ykdysady hyzmatdaşy bolmagynda galýar. Ýerli ýaşaýjylar täze köpriniň serhetýaka zolakda işjeňligi ýokarlandyrjakdygyna we ilatyň durmuş derejesini gowulandyrjakdygyna uly umyt baglaýarlar.
PDF








