16-njy oktýabrda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Hindistan-Türkmenistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça ýörite çäre geçirildi. Hindistan Respublikasynyň syýahatçylyk, maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylan çärede türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Azat Nazarow çykyş edip, iki ýurduň arasyndaky dürli ugurlarda üstünlikli alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada durup geçdi.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň gatnaşan çäresinde Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bandaru Wilsonbabu çykyş edip, Hindistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda täze ýokary basgançaklara göteriljekdigine uly ynam bildirdi. Şeýle hem diplomat Türkmenistanyň Hökümetiniň we işewür toparlarynyň wekiliýetini geljek aýyň başynda Nýu-Delide geçiriljek “The Bharat Renewable Energy Summit & Expo 2026” çäresinde gatnaşmaga çagyrdy. Ýeri gelende bellesek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine bagyşlanan bu halkara maslahat we sergi 2–5-nji noýabrda Hindistanyň paýtagtyndaky “Bharat Mandapam Convention Centre” sergiler merkezinde  geçiriler.

Çäräniň çäklerinde Hindistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan wideorolik görkezildi, hindi aýdymlary ýerine ýetirildi we ýoga görkezilişi boldy. Çäräniň ahyrynda myhmanlara hödür-kerem edildi.