“Bonhams” auksionynda işjeň ýagdaýdaky seýrek “Apple-1” kompýuteri Stiw Jobsuň haty bilen birlikde rekord derejedäki 1,15 million dollara satyldy. Bu baha hünärmenleriň çaklamasyndan ep-esli ýokary boldy. 1976-njy ýylda Stiw Woznýak tarapyndan elde ýygnanan bu platanyň dünýäde diňe 74 nusgasy bar. Enjam öňki eýesi Fred Hetfildiň adyny göterip, onda Woznýagyň şahsy goly hem ýerleşýär.
PDF








