Özbegistan Respublikasy umumy bahasy 4,7 milliard dollara deň bolan alty sany energetika ylalaşygyna gol çekdi hem-de ýurtda ýene-de iki sany täze atom elektrik stansiýasyny (AES) gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Daşkentde Prezident Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda geçirilen Energetika pudagynyň maýadarlar geňeşiniň mejlisinde mälim edilişi ýaly, bu taslamalar 3000 megawatt täze generator kuwwatyny we 400 megawatt energiýa saklaýjy ulgamlary işe girizmäge gönükdirilendir.
Taslamalara Saud Arabystanynyň «ACWA Power», Fransiýanyň EDF, Ýaponiýanyň «Toyota Tsusho» we BAE-niň «AMEA Power» ýaly dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary gatnaşýar. Ýurtda eýýäm gurluşygy dowam edýän birinji AES-den daşary, täze iki stansiýany gurmak meýilleşdirilýär. Bu taslamalar 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýanyň paýyny 54 göterime ýetirmek boýunça umumy strategiýanyň bir bölegidir.
Mundan başga-da, Özbegistan daşary ýurt maýadarlaryna geologiki gözleg-barlag işlerini geçirmek üçin nebit-gaz gorlary bolan 128 sany täze meýdançany hödürlemäge taýýarlady. Şol bir wagtda ýurt Gazagystan we Azerbaýjan arkaly Hazar deňziniň düýbünden geçýän energetika geçelgesi arkaly elektrik energiýasyny Ýewropa eksport etmek meýilnamasyny işjeň ösdürýär. Halkara maýadarlar we maliýe edaralary Özbegistanda amala aşyrylýan bu giň gerimli ösüşleri we maýa goýum gurşawyny gowulandyrýan özgerişiklere ýokary baha berdiler.
PDF








