18-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň paýtagtyndaky “Bişkek Arenada” dünýä ýyldyzy Şakiranyň konserti boldy. Meşhur aýdymçynyň sebitdäki ilkinji konsertine dünýäniň 33 ýurdundan tomaşaçylar gatnaşdy.
Resmi bilet operatory «GovTicket» tarapyndan berlen maglumata görä, daşary ýurtly tomaşaçylaryň köp bölegi Gazagystandan geldiler, ondan soňky orunlary Russiýa we Özbegistan eýelediler.
Şeýle hem ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Günorta Koreýadan, Hytaýdan we Saud Arabystanyndan myhmanlar konserte tomaşa etdiler.
Dünýä belli aýdymçy Gyrgyzystana «Las Mujeres Ya No Lloran» (Aýallar indi aglamaz) atly dünýä turunyň çäklerinde bardy. “The Las Mujeres Ya No Lloran” kolumbiýaly aýdymçynyň 7-nji dünýä tury bolup, geçen ýylyň fewralynda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde badalga alypdy. Konsertiň soňkusy 28-nji noýabrda Müsüriň Giza şäherinde guralar.
Ýeri gelende bellesek, täze gurlan “Bişkek Arena” 51 müň orunlyk bolup, häzirki wagtda Merkezi Aziýadaky iň uly stadion bolup durýar.