Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da sanawyň lideri “Inter” myhmançylykda “Bolonýadan” garşydaşynyň Pobeganyň goly bilen öňe geçendigine garamazdan, 3-1 hasabynda üstün çykdy. “Intere” ýeňiş getiren gollary Turam, Augusto hem-de Bonni geçirdi.

“Roma” öz meýdançasynda “Jenoany” Kastronyň hem-de Lulliniň gollary esasynda 2-0 hasabynda utdy.

Lombardiýa derbisinde “Milan” “San Siroda” “Atalantany” 3-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 3-0 hasabynda öňe geçen “Milanyň” gollaryny Ramuş, Rabio hem-de Hila geçirdi. “Atalantada” Gaetanonyň hem-de Krstowiçiň gollary bergamolylara ýeňiş üçin ýeterlik bolmady.

“Ýuwentus” Turinde “Lasiodan” 3-0 hasabynda asgyn gelip, bu Goja Sinýoranyň soňky ýyllarda öz meýdançasyndaky iň uly ýeňlişi boldy.

“Frozinoneniň” öz meýdançasynda “Sassuolony” 4-2 hasabynda ýeňen duşuşygynda Raýmondo het-trik edip, toparynyň ýeňiş gazanmagynda uly rol oýnady.

“Napoli” myhmançylykda “Wenesiýadan” Adamsyň ýeke-täk goly esasynda utulyp, oýunda De Bruýne 68-nji minutda penaltini dürs urup bilmedi.

 

Frozinone – Sassuolo: 4-2 (Kalo 9, Raýmondo 26, 30, 57 – Berardi 15, Torstwedt 37),

Wenesiýa – Napoli: 1-0 (Adams 49),

Bolonýa – Inter: 1-3 (Pobega 10 – Turam 44, Augusto 69, Bonni 84),

Roma – Jenoa: 2-0 (Kastro 50, Lulli 68),

Udineze – Leççe: 0-3 (Gaşpar 11, Ndri 33, Zibert 86),

Fiorentina – Komo: 1-3 (Pongraçiç 42 – Liberali 32, Paz 36, Duwikas 56),

Milan – Atalanta: 3-2 (Ramuş 24 p, Rabio 43, Hila 58 – Gaetano 66, Krstowiç 81),

Ýuwentus – Lasio: 0-3 (Prowstgor 37, Isaksen 66, Dele-Başiru 89),

Monza – Kaliari (şu gije)

Parma – Torino (şu gije)