Wýetnam bilen Ýewropa erkin söwda assosiasiýasynyň (EFTA) arasynda uzaga çeken gepleşiklerden soňra erkin söwda barada taryhy ylalaşyga gol çekildi. Ýurduň paýtagty Hanoý şäherinde geçirilen dabaraly çärede kabul edilen bu ylalaşyk harytlaryň we hyzmatlaryň söwdasyny ösdürmäge, maýa goýumlary çekmäge, awtorlyk hukuklaryny goramaga, bäsdeşligi we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.
Ýurduň paýtagty Hanoýda geçirilen gol çekişlik dabarasyna Wýetnamyň Prezidenti To Lam, Senagat we täjirçilik ministri Le Man Hyng hem-de EFTA-a agza ýurtlar bolan Şweýsariýadan, Norwegiýadan, Islandiýadan we Lihtenşteýnden gelen resmi wekiller gatnaşdylar. Erkin söwda ylalaşygy taraplaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda möhüm ädim boldy.
Iki tarapyň arasyndaky söwda dolanyşygy häzirki wagtda ýyllyk, ortaça 2 milliard dollara deňdir. Wýetnam EFTA ýurtlaryna, esasan, deňiz önümlerini, aýakgap, dokma we dürli elektrik enjamlaryny eksport edýär. Ýewropa ýurtlaryndan bolsa senagat enjamlary, himiki we derman serişdeleri hem-de önümçilik materiallary satyn alynýar.
Resmi hünärmenleriň bellemegine görä, bu şertnama Wýetnamyň eksport we import bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýerli kärhanalaryň halkara bäsdeşlik ukyplylygyny artdyrmaga hem-de global haryt zynjyryna uýgunlaşmagyna uly goşant goşar. Şeýle hem täze ylalaşygyň çäklerinde Ýewropa ýurtlaryndan Wýetnama göni maýa goýumlarynyň we ýokary tehnologiýalaryň çekilmegine giň mümkinçilikler dörediler.
PDF








