Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) hem-de Bütindünýä Bankynyň bilelikde guraýan däp bolan ýyllyk maslahaty Taýlandyň paýtagty Bangkok şäherinde üstünlikli geçirildi. 12-18-nji oktýabr aralygynda geçirilen bu abraýly halkara çäre dünýäniň 191 ýurdundan maliýe ministrlerini, Merkezi banklaryň başlyklaryny, hususy pudagyň wekillerini, abraýly bilermenleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň agzalaryny bir ýere jemledi. Maslahatyň işine ýüzbe-ýüz hem-de sanly ulgam arkaly umumylykda 10 müň töweregi wekil gatnaşdy.
Maslahatyň gün tertibinde häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň wajyp meseleleri we olary ýeňip geçmegiň netijeli usullary orun aldy. Bangkokdaky ýokary derejeli gepleşiklerde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, halkara maliýe durnuklylygyny saklamak hem-de garyplygyň derejesini azaltmak ýaly möhüm temalar boýunça giňişleýin pikir alşyldy. Şeýle hem çäräniň geçirilýän döwründe Halkara Pul Gaznasy tarapyndan dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri baradaky nobatdaky syny ýaýradyldy.
Iki iri halkara maliýe edarasynyň ýyllyk maslahatlary däp boýunça her ýylyň oktýabr aýynda geçirilip, ol her üç ýyldan bir gezek guramanyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Waşington şäherinden başga bir agza döwletde guralýar. Şunuň bilen baglylykda, Bangkokdaky forumyň çäklerinde ýer eýesi bolan Taýland tarapy «Taýlandyň täze gözýetimleri: adamlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, durnuklylygyny berkitmegi» diýen tema boýunça ugurdaş çäreleri geçirip, ýurduň ykdysadyýet we ösüş ulgamyndaky toplan milli tejribesini tanyşdyrdy.
Mundan başga-da, 15-nji oktýabrda halkara maslahatyň çäklerinde G20-ä girýän ýurtlaryň maliýe ministrleriniň we Merkezi banklarynyň başlyklarynyň hem nobatdaky ýyllyk duşuşyklary geçirildi.
PDF








