Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi öz işine başlady.

Her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu giň gerimli foruma gatnaşmak üçin 75 ýurtdan 450 kompaniýanyň wekili bolan 1 700 delegat ýurdumyza geldi. 31-nji gezek guralýan “OGT 2026” halkara maslahaty we sergisi bu ýyl «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş.» şygary astynda geçirilýär. Forumyň çäklerinde birnäçe plenar mejlisler hem-de beýleki maslahatlar guralar. Şeýle hem “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.
Halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz Gutlag hatyny ugratdy. Onda hatynda – Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, sebit we dünýä halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge hem gönükdirýär. Bu ugurda tagallalary birleşdirmek öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň möhüm şertleriniň biridir. Şoňa görä-de, ýangyç-energetika toplumynyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek, logistika kuwwatyny berkitmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar – diýlip bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy üns bilen diňlenildi. Soňra myhmanlar sergä – dünýä belli kompaniýalaryň, ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň, ýerli kompaniýalaryň diwarlyklaryna aýlanyp gördüler.

Serginiň maksatnamasy nebitgaz pudagyna, häzirki zaman tehnologiýalaryna we halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine bagyşlanýar. Forumyň esasy ugurlarynyň hatarynda ýataklary özleşdirmek, uglewodorodlary gaýtadan işlemek, infrastrukturany ösdürmek we tehnologik çözgütleri ornaşdyrmak bar.

OGT 2026 energetika howpsuzlygy, durnukly ösüş we uzak möhletleýin maýa goýum hyzmatdaşlygy meseleleri boýunça gepleşikleri ösdürmek üçin döwlet ministrlikleriniň ýokary derejeli wekillerini, milli we halkara nebit-gaz kompaniýalaryny, EPC toparlary, tehnologiýa üpjünçilerini, maliýe institutlaryny we dünýäniň maýadarlaryny bir ýere jemleýär.

OGT 2026-nyň hyzmatdaşlarynyň we hemaýatkärleriniň arasynda SOCAR, Dragon Oil, CNPC, PETRONAS, SLB, “Petrofac”, “Sinopec” we “Baker Hughes” ýaly dünýä belli kompaniýalary bar. OGT 2026 atly XXXI halkara maslahat we sergi 23-nji oktýabra çenli dowam eder.


PDF








