Angliýada geçirilen “Liwerpul”-“Wilýarreal” duşuşygynda janköýerler 7 goluň şaýady boldular. “Liwerpul” öz meýdançasynda “Wilýarreal” bilen duşuşyp, garşydaşynyň 2-0 hasabynda öňe geçendigine garamazdan, taryhy kembek edip, ýeňşini baýram etdi. Oýnuň 4-nji minutynda Wan Deýkiň gödek ýalňyşlygyndan soň “Wilýarreal” gruzin hüjümçisi Mikautadzeniň goly bilen hasaby açdy. 29-njy minutda Kordonanyň goly bilen aratapawut 2-0-a çykdy. Ruhdan düşmedik “Liwerpul” topary arakesmeden öň Mak Allisteriň 36-njy hem-de Arauhonyň 45+2-nji minutlardaky gollary bilen hasaby deňlemegi başardy. 65-nji minutda Mak Allister 2-nji gezek tapawutlansa, 69-njy minutda Florian Wirts 4-nji pökgini ispan toparynyň derwezesinden geçirdi. Oýnuň 87-nji minutynda Oluwaseýiniň geçiren goly “Wilýarreala” ýeňiş üçin ýeterlik bolmady. Şeýlelikde, “Liwerpul” kynlyk bilenem bolsa 3 utugy gazanmagy başardy.

“Mançester Siti” öz meýdançasynda “AEK Afiny” bilen duşuşyp, 5-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Turuwbaşdan erjel oýun görkezen iňlis klubunyň gollaryny Elliot Anderson, Fil Foden (3) hem-de Raýan Şerki geçirdi. 34-nji, 65-nji hem-de 76-njy minutlarda tapawutlanan Fil Foden Çempionlar Ligasynda ilkinji gezek het-trik etdi. Grek toparynyň ýeke-täk goluny bolsa 52-nji minutda Stawros Pillios öz adyna ýazdyrdy.