UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji tapgyryň oýunlary oýnalyp, tapgyryň merkezi duşuşygynda çempion PSŽ möwsümiň ýeňlişsiz topary “Barselonany” kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýunda PSŽ 4-2 hasabynda güýçli garşydaşyny ýeňip, utugyny 9-a çykardy. Oýnuň 1-nji ýarymy ýer eýelerinden Dueniň 38-nji minutdaky goly esasynda parižlileriň üstünliginde tamamlandy. 2-nji ýaryma katalonlar Espartyň tapawutlanmagynda gol bilen başladylar. 72-nji minutda Luka Hernandes PSŽ-ni öňe saýlasa-da, 79-njy minutda Lamin Ýamal owadan gol bilen hasaby deňledi. Ýöne PSŽ topary gysga wagtdan soň ýene-de öňe geçdi. 81-nji minutda Witinýanyň, 86-njy minutda-da Fabian Ruiziň gollaryna ispan toparyndan jogap bolmady.
Şeýlelikde, 4-2 hasabynda üstün çykan PSŽ topary “Barselonany” bassyr 3-nji, umumylykda-da 7-nji gezek ýeňmegi başardy. Şu möwsümde ýeke utuk ýitirmän gelýän “Barselona” 11 ýeňişden soň, 12-nji oýunda ýeňlişe sezewar boldy.
PSŽ-niň ekwadorly goragçysy William Paço Çempionlar Ligasyndaky 37-nji duşuşygyny hem hiç hili kart görmän tamamlady. Ol Çempionlar Ligasynda 37 oýunda hiç hili kart almadyk ilkinji goragçy boldy.
PDF








