UEFA Çempionlar Ligasynda 7 gol geçirilen başga bir oýunda Italiýanyň “Napoli” topary öz meýdançasynda Norwegiýanyň wise-çempiony “Bude-Glimt” toparyndan 4-3 hasabynda üstün çykdy. Eýýäm oýnuň 1-nji minutynda Politanonyň goly bilen öňe geçen “Napoliniň” pökgüleriniň 2-sini Skot MakTomineý, beýlekisini-de Býortuft öz derwezesinden girizdi. Soňky ýyllarda şowly çykyş edýän “Bude-Glimt” toparynyň adyndan bolsa Piter Hauge (27), Helmersen (62) hem-de Fet (90+4) tapawutlandy. “Napoli” topary şu möwsüm üçin bu ýaryşdaky ilkinji ýeňşini gazandy.

Geçen tapgyry ýeňişsiz tamamlan italýan klublarynyň biri bolan “Roma” öz meýdançasynda “Slowan Bratislawa” toparynyň derwezesinden jogapsyz 4 gol geçirdi. Gollary 21-nji minutda Hermoso, 39-njy minutda Molina, 52-nji minutda Pisilli hem-de 58-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Donýel Malen dagy öz atlaryna ýazdyrdylar. 22 oýundan bäri ýeňiş gazanyp bilmän gelýän “Slowan Bratislawa” Çempionlar Ligasynda bassyr 11-nji duşuşygynda ýeňlişe sezewar boldy.