25-nji oktýabrda Bolgariýada saýlaw geçirildi. Ýurduň Prezidentini we wise-prezidentini saýlamak üçin geçirilen ses berişlikde hiç bir dalaşgär ýeterlik ses alyp bilmedi. Şol sebäpli saýlawyň ikinji tapgyry geçiriler. Ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasy berýän maglumatyna görä, häzirki Prezident Iliýana Ýotowa 34,6%, ozalky hökümet Başlygy Andreý Gýurow 32% ses aldy. Täzeden dogluş partiýasynyň ýolbaşçysy Kostadin Kostadinow 12,6% ses aldy. Saýlaw komissiýasy 1-nji noýabrda Ýotowa bilen Gýurowyň gatnaşmagynda saýlawyň ikinji tapgyrynyň geçiriljekdigini mälim etdi.
Häzirki Prezident Ýotowa paýtagt Sofiýadaky mekdepleriň birinde ses berenden soňra, žurnalistler bilen söhbetdeş boldy. Ol ýurduň sebitleriniň arasyndaky ösüş tapawudynyň aradan aýrylmalydygyny nygtap, Bolgariýada diňe birnäçe şäheriň maýa goýum çekip, ösdürilmegi däl, eýsem, çet sebitleriň hem ösdürilmegini maksat edinýändiklerini belledi.
Saýlawa jemi 27 dalaşgär gatnaşdy. Ýurduň degişli kanunyna görä, saýlawyň birinji tapgyrda netijelenmegi üçin hasaba alnan saýlawçylaryň azyndan 50 göteriminiň ses bermegi we dalaşgärlerden biriniň azyndan 50 göterim ses almagy zerur. Saýlawa gatnaşygyň 22,2% töweregidigi mälim edildi.
Ýurtda 6,5 million töweregi saýlawçy bar. Dünýäniň 60 ýurdunda jemi 613 saýlaw uçastogy döredilipdir.
Ýurtda mundan ozalky prezident saýlawlary 2021-nji ýylyň 14-nji we 21-nji noýabrynda geçirilipdi. Ýurduň Esasy Kanunyna laýyklykda, saýlawlar Prezidentiň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagyna azyndan iki ýa-da üç aý galanda geçirilýär. Häzirki döwlet Baştutanynyň ygtyýarlyk möhleti 2027-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda tamamlanýar.
PDF








