Şygyr diňe bir pikir däl, eýsem, duýgy bilen hem okyja täsir edýär. Kähalatda birnäçe setirde beýan edilen pikir uly göwrümli eseriň berýän täsirine deň bolup bilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň buýsanjy» goşgusynda hem milli ruh, Watana bolan söýgi, halkymyzyň mertebesine buýsanç ýaly belent duýgular öňe çykýar. Şol sebäpli bu eseriň gymmaty diňe çeperçilik aýratynlygynda däl, eýsem, ýaş nesle ýetirýän ruhy-terbiýeçilik täsirinde hem aýdyň görünýär.
Adam üçin ene toprakdan eziz mekan ýok. Ynsan dünýä inen ýeriniň dilini we medeniýetini kalbyna siňdirip ulalýar. Şonuň üçin Watan düşünjesi diňe geografik çäk bilen ölçenmeýär. Watan ata-babalaryň dowamaty, ene-mamalaryň hüwdüsi, ene dili, milli däp-dessurlar, taryhy ýadygärlikler, halkyň geçmişi, şu güni we geljegidir.
«Türkmeniň buýsanjy» goşgusynyň terbiýeçilik ähmiýetiniň esasy ugurlarynyň biri hem Watana bolan söýgini güýçlendirmekden ybaratdyr. Eser okyjyny öz ýurduna guwanmaga, onuň abraýyny belende götermäge, ösüşlerine goşant goşmaga çagyrýar. Şeýle pikirleriň ýaşlaryň aňynda berk ornaşmagy olaryň bu söýgini okuwda, zähmetde, döredijilikde we jemgyýete peýdaly işlerde görkezmegine itergi berýär.
Hakyky watansöýüjilik jogapkärçilik bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýaş nesil Watanyň geljeginiň öz bilimine, zähmetine, başarnygyna we ahlak sypatlaryna hem baglydygyna düşünmelidir. Şu nukdaýnazardan, goşgynyň terbiýeçilik täsiri ýaşlarda raýatlyk jogapkärçiligini ösdürmekde hem ýüze çykýar.
Türkmen halkynyň baý taryhy we medeni mirasy bar. Asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli däp-dessurlar, halyçylyk sungaty, atçylyk medeniýeti, bagşyçylyk, dessançylyk, halk döredijiligi, edep-terbiýe ýörelgeleri milli özboluşlylygymyzyň aýrylmaz bölegidir. Ýaş nesliň bu gymmatlyklary bilmegi diňe geçmişi öwrenmek üçin zerur däldir. Öz köküni bilýän adam geljege ynamly gadam urýar. Ata-babalarynyň nähili durmuş ýörelgelerine eýerendigine, nähili ruhy gymmatlyklary gorap saklandygyna düşünýän ýaş nesil öz halkyna bolan buýsanjyny has çuňňur duýýar.
Milli mirasy goramak diňe taryhy ýadygärlikleri ýa-da gadymy eserleri aýawly saklamak däldir. Ene dilinde arassa geplemek, milli edep kadalaryna hormat goýmak, ýaşulyny sylamak, kiçä hormat-söýgi bilen garamak, myhmansöýerlik, halallyk, lebzihalallyk, agzybirlik ýaly ýörelgeleri dowam etdirmek hem milli mirasy goramagyň möhüm görnüşleridir.
Terbiýe diňe öwüt-ündew arkaly berilmeýär. Käwagt çeper eser ynsana aýdylan ýüzlerçe öwütden has güýçli täsir edýär. Sebäbi okyjy çeper eserdäki pikiri diňe aňy arkaly kabul etmän, ýüregi bilen hem duýýar. Şygryýetiň terbiýeçilik güýji aýratyn uludyr. Sazlaşykly setirler, täsirli sözler, çeper keşpler adamyň ýadynda uzak wagtlap saklanýar. Şonuň üçin hem ýaş nesle watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, agzybirlik ýaly gymmatlyklary düşündirmekde şygryýet möhüm serişde bolup hyzmat edýär.
«Türkmeniň buýsanjy» goşgusyny ýaşlaryň arasynda öwrenmek diňe bir eseriň mazmunyny düşündirmek bilen çäklenmeli däldir. Onuň üsti bilen milli buýsanç, Watan öňündäki borç, halkyň taryhy, nesilleriň dowamaty ýaly düşünjeler barada pikir alyşmak hem möhümdir. Şeýle çemeleşme eseriň terbiýeçilik täsirini has-da güýçlendirýär.
Ýaşlaryň biri-birine hormat goýmagy, dost-doganlygy berkitmegi, jemgyýetçilik bähbitlerine düşünmegi, dürli hünärlerde zähmet çekip Watanyň ösüşine goşant goşmagy agzybirligiň durmuşdaky aýdyň ýüze çykmasydyr. «Türkmeniň buýsanjy» goşgusynda hem halkyň mertebesine, milli jebislige we ruhy bitewülige aýratyn ähmiýet berilýändigini görmek bolýar. Goşgynyň terbiýeçilik ruhy ýaşlary ata-babalarymyzyň zähmetsöýerlik, mertlik, halallyk ýaly häsiýetlerini dowam etdirmäge höweslendirýär. Bu häsiýetler bolsa bilimli we giň dünýägaraýyşly ýaş nesliň kemala gelmegi üçin zerurdyr.
Nurjahan RAHMANBERDIÝEWA,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň mugallymy.
PDF



