17-nji oktýabr – 7-nji noýabr aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň «Halkara okuw saparlary» atly maksatnamasynyň çäklerinde medeni mirasy gorap saklamak, muzeýleri dolandyrmak boýunça ABŞ-nyň tejribeleri bilen tanyşmak maksady bilen geçirilýän «Medeni miras» subregional taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň muzeý işgärleri, ylmy-medeni edaralaryň wekilleri hem-de medeni mirasy goramak boýunça hünärmenler Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna hünär saparyny amala aşyrýarlar.
Maksatnamanyň esasy hünär maksatlary medeni mirasy gorap saklamak we muzeýleri dolandyrmak ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmekden, sergileri meýilleşdirmek we olaryň dizaýnyny taýýarlamak, muzeý desgalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça dünýä tejribesini alyşmakdan ybaratdyr. Şeýle hem, bu çäre ABŞ-nyň muzeýleri we ylmy-medeni edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, hyzmatdaşlygy berkitmäge hem-de ýurduň 250 ýyllygy mynasybetli onuň taryhy-medeni üstünliklerini wagyz etmäge gönükdirilendir.
Hünär saparynyň ilkinji tapgyry Waşington şäherinde amala aşyryldy. Bu döwürde wekiller medeni gymmatlyklaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça döwlet syýasaty bilen tanyşdylar. Hünär sapary Los-Anjeles şäherinde dowam edip, Pol Getti adyndaky merkezde we Getti muzeýinde duşuşyklar geçirildi. Muzeýiň Antik döwrüň eksponatlaryny dikeltmek we gorap saklamak boýunça tejribe alyşdylar.
Ylmy barlaglaryñ netijesinde toplanan iş tejribesi bilen tanyşlygynyň we duşuşygyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň seýrek we gymmatly, Merwden tapylan «Buddanyň kelle heýkelini» dikeltmek (restawrasiýa we konserwasiýa) boýunça halkara taslamanyň çäklerinde tapgyrlaýyn alnyp barylýan işler barada giňişleýin bellenip geçildi.
Şeýle hem, saparyň dowamynda Los-Anjelesiň çeperçilik muzeýi we Tebigy taryh muzeýleri ýaly dünýä belli ylmy-medeni edaralarda sergiler, ylmy barlaglar hem-de ABŞ-nyň 250 ýyllygyna bagyşlanyp taýýarlanýan ýörite medeni taslamalar bilen tanyşdyryldy. Wekiliýetiñ Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary dowam edýär.
Çeşme: medeniyet.gov.tm
PDF




