Ukrainanyň Maglumat syýasaty ministrliginiň wekilleri dünýäde ilkinji gezek Taras Şewçenkonyň “Kobzar” diýlip atlandyrylan ýygyndysynyň hytaý dilindäki terjimesiniň tanyşdyryş dabarasyny geçirdiler. Ýolbaşçylaryň pikirine görä, bu neşir Ukraina bilen Hytaýyň arasyndaky özara medeni gatnaşyklary ýokary derejede ýola goýmaga ýardam berer.
Şeýle hem, hytaý dilindäki bu neşiriň aýratynlygy şahyryň şygyrlary ilkinji gezek ukrain dilindäki asyl nusgadan hytaý diline terjime edildi.
Dünýäde ilkinji gezek “Kobzaryň” hytaýça terjimesi Pekindäki suratkeşlik we kalligrafik Akademiýasynyň başlangyjy bilen amala aşyryldy. Ýygyndynyň üstündäki işler tutuş bir ýyla çekdi. Akademiýanyň wise-prezidenti Alan Ýuýyň sözlerine görä, Taras Şewçenkonyň şygyrlarynyň terjimesi hytaýly ýaş suratkeşlere awtoryň edebi we çeper döredijiligi bilen tanyş bolmaga mümkinçilik berer.