Adyndan belli bolşy ýaly, elektroulag ýangyç hökmünde dizel ýa-da benzinden däl-de, elektrik energiýasyndan peýdalanýar. Elektrik energiýasy bilen hereket edýän diňe awtoulaglar däl, eýsem, welosiped, motosikl, gaýyk, otly, hatda howa gämisi ýaly beýleki gatnaw serişdeleri hem bar. Elektrokarlar soňky 5-10 ýylda ýaýrap başlan hem bolsa, onuň taryhy awtoulagyň taryhy bilen deňeçerräk. Ilkinji awtoulagy kimiň işläp taýýarlandygy anyk bolmasa-da, onuň kämilleşmegine goşant goşan adamlaryň köpüsi mälimdir. Ilkinji elektroulaglar 1800-nji ýyllarda peýda bolup başlaýar. 1828-nji ýylda wenger inženeri Anoş Ýedlik elektromobiliň kiçeňräk görnüşini işläp düzýär.
1895-nji ýylda Amerikada üç tigirli elektrik energiýasy bilen işleýän welosipediň peýda bolmagy bilen şeýle ulaglara isleg artyp başlaýar. L. Raýkeriň we William Morrisonyň 1891-nji ýylda ýasan alty ýolagça niýetlenen elektrik wagony birnäçe ugurda ilkinji elektroulag hasap edilýär. Geçen asyryň başlarynda bug, elektrik togy we benzin bilen işleýän awtoulaglar ýaýrap başlaýar. 1902-nji ýylda “Chicago Woods Motor Vehicle” kompaniýasynyň satuwa çykaran 18 mil (30 km) töweregi ýol geçip bilýän 2 000 dollarlyk “1902 Phaeton” ulagy iň köp satylan awtomobil bolýar. 1916-njy ýylda “Woods” firmasy hem dizel, hem-de elektrik motorly ilkinji gibrid awtoulagy işläp düzýär.
Geçen asyryň başlarynda elektroulaglaryň benzinli we bugly motorly awtoulaglardan birnäçe artykmaçlyklary bardy. Benzinli awtoulaglarda sarsgyn, ys we galmagal aşa köp bolup, sürüjini we golaýyndakylary bimaza edýärdi. Bugly hereketlendirijili ulaglar howanyň sowuk günleri 45 minutlap gyzmaly bolýardy. Şeýle hem olar elektroulaglardan has gysga aralygy geçýärdi. Üstesine, benzinli awtoulaglary sürmek elektrokarlardan has kyndy. 1912-nji ýylda elektrokarlaryň önümçiligi iň ýokary derejä çykýar. 1920-nji ýyllardan başlap olara bolan isleg azalyp başlaýar. Nebitiň iri gorlarynyň tapylmagy, benziniň bahasynyň görnetin arzanlamagyna getirýär. Genri Forduň awtoulagyň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmagy bilen bahasy has-da arzanlaýar. Munuň tersine elektroulaglaryň bahasy gymmatlap başlaýar. 1935-nji ýyla çenli elektroulaglar düýbünden ýitip gidýär. 1970-nji ýyllarda awtoulaglaryň çykarýan gazlarynyň zyýany artyp, alternatiw ýangyç çeşmelerine zerurlyk duýlup başlanýar. 1960-njy ýyllaryň başynda “Battronic” atly ilkinji tokly ýük ulagy peýda bolýar. Şol ýyllar kiçi görnüşli elektroulaglaryň az sanlysy çykýar. Zarýad beketleriniň ýetmezçilik etmegi, zarýad bermek üçin köp wagtyň gerek bolýandygy we dünýä ýurtlarynda bu ugurda birmeňzeş ulgamyň ýoklugy, özüne düşýän bahasynyň gymmatlygy sebäpli elektroulaglar 2000-nji ýyllara çenli o diýen ýaýramaýar. 1990-njy ýyllardan başlap, dünýäniň öňdebaryjy brendleri bu ugurdaky maýa goýumlaryny artdyrýarlar. Dünýä döwletleriniň şeýle ulaglary öndürýän kompaniýalara we ony satyn alanlara ýeňillikler döretmegi bilen, 2000-nji ýyllardan soňra bu ugurda has uly ösüş gazanylýar. Häzirki wagtda elektroulag satuwynda Hytaý, ABŞ, Norwegiýa, Germaniýa ýaly ýurtlar öňdeligi eýeleýär.