Has möhümi
– mertebäňi saklamak
2012-nji ýylyň dekabrynda Ispaniýada uly baýrakly ýaryş geçirilip, oňa güýçli türgenler gatnaşypdyr. Şonda pellehanada gyzykly waka bolup geçipdir. Keniýaly Abel Mutai Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda bürünç medal alan türgenleriň biri bolup, päsgelçilikli 3 müň metr ylgawda, beýlekilerden has öňe saýlanypdyr. Ýöne ol pellehana 10 metr galanda badyny gowşadypdyr.
Ol pellehananyň çyzygyndan geçendirin öýdüp, tomaşaçylara elini galdyryp, şatlygyny ýüze çykarypdyr. Olar bolsa, öz nobatynda ispançalap, oňa pellehana az galandygyny aýtmaga dyrjaşypdyrlar. Ikinji bolup pellehana golaýlan ispaniýaly Iwan Fernandes Anaýýa keniýalynyň bu ýalňyşlygyndan peýdalanyp, birinji orny eýeläp biljek eken, ýöne ol muňa derek pellehananyň çyzygyny görkezip, Abeliň ýagyrnysyndan çalaja itipdir. Ylgaw ýaryşyndan soňra Iwan altyn medal almakdan, öz mertebesini saklamagyň has möhümdigini aýdypdyr.
Gymmat okuw
IBM kompaniýasynyň başlygy täze bellenen menejerini mazalyja gürleşmek üçin iş otagyna çagyrypdyr. Sebäbi onuň baglaşan geleşigi netijesinde kompaniýa 10 million dollar zyýan çeken eken. Haçan-da, işgär öz ýalňyşlygy barada bilip galanda welin, eýýäm giçdi. Ol başlygyň otagyna girende, öz günäsini duýup, özüne näme diýiljegine-de garaşman, şeýle diýipdir:
– Siziň meni işden çykarmaga doly hakyňyzyň bardygyna düşünýärin hem-de men öz günämi boýun alyp, siziň kararyňyzy kabul edýärin.
– Seň diýýäniň näme. O nämäň işden çykarmasy? Biz ýap-ýaňy seniň okamagyň üçin 10 million dollar çykdajy etmedikmi näme?! Gerekli işgäri işden aýryp bolmaz ahyryn. Bar, işiň bilen bol – diýip, başlyk janygypdyr.
Hakyky dostlar
Bir ýaş ýigidiň toý güni barha golaýlapdyr. Ol toýa taýýarlyk görmek üçin ençeme aýlap alada edipdir. Bir gün ol kakasyna ýüzlenip:
– Kaka, senden bir haýyşym bar. Meň bir özüm hiç zada ýetişemok, şoň üçin, ine, dostlarymyň sanawy. Olara jaň edip, toýuma çagyryp beräý – diýipdir.
– Bor, oglum – diýip, kakasy jogap beripdir.
Toý güni ogly kakasynyň ýanyna howsalaly gelip, gaharlanyp ugrapdyr:
– Kaka, seň edeniň näme? Men saňa “Ähli dostlaryma jaň edip çyk” diýmänmidim?
– Men seniň aýdyşyň ýaly etdim-ä.
– Meniň saňa beren sanawymda 50 adam bardy, toýa bolsa olaryň diňe 15-si gelipdir.
– Oglum, men olaryň 50-sine-de jaň edip çykdym. Olaryň her birine seň haýyşyň bilen jaň edýändigimi hem-de seniň häzir bir meseläň ýüze çykandygyny we saňa dostlaryň kömeginiň gerek boljakdygyny hem aýtdym. Men olaryň ählisinden şu sagatda, şu ýere jemlenmeklerini haýyş etdim. Oň üçin alada etme, oglum! Seniň hakyky dostlaryň häzir şu taýda!
Işewüriň aýaly
Bir gezek işewürleriň biri aýaly bilen öz awtoulagynda barýarka, benzin guýulýan bekede sowlupdyr. Ol ýerde işewüriň aýaly ýangyç bekedindäki benzin guýujynyň synpdaşydygyny bilip galypdyr. Olar uzak ýyllardan soň bir-birini görensoňlar, aralarynda hoşamaý gürrüň bolupdyr.
Haçan-da, är-aýal ýola düşenlerinde, işewür aýalyna kinaýa bilen şeýle diýen:
– Mähribanym, eger-de, sen öz synpdaşyňa durmuşa çykan bolsaň, onda sen häzir benzin guýujynyň aýaly bolardyň.
Zenan ýanýoldaşynyň ýaňsylaýjy sözlerine şeýle jogap beripdir:
– Gadyrdanym, beýle ýagdaýda, sen-ä benzin guýujy bolardyň, ol bolsa, işewür.
Hassahanada
Hassahananyň bir otagynda agyr keselli iki adam ýatan eken. Olaryň birisiniň krowaty penjirä golaý ýerde, beýlekisiniňki bolsa, gapa golaý ýerde ýerleşýän eken.
– Penjireden saňa näme görünýär? – diýip, gapa golaý ýerde ýatan hassa sorapdyr.
– Bir görsediň – diýip, penjirä golaý ýatan janlanypdyr. – Men gök asmany, topbak-topbak bulutlary görýän, uzaklardan bolsa, köl hem tokaý göze ilýär.
Penjirä golaý ýerde ýatan hassa her gün diýen ýaly öz goňşusyna penjiräniň aňyrsynda görýän zatlary hakda gürrüň beripdir. Ol öz görýän gaýyklary, balykçylary, kenarda oýnap ýören çagalary, seýle çykan aşyk-magşuklar barada gürrüň beripdir. Haçan-da, ol penjiräniň aňyrsynda bolup geçýän geň-taň wakalar barada gürrüň berende, gapa golaý ýerde ýatany gizlin göriplik gaplap alypdyr. Ol “Bu adalatsyzlyk bolýar” diýip, öz ýanyndan pikir ýöredipdir. Haýsy bitiren işi üçin meni däl-de, ony penjiräniň deňinde ýatyrdylarka, men bolsam diňe reňki gaçyp ugran gapydan başga zat görüp bilemok. Ol bolsa, penjireden tutuş dünýäni synlap otyr.
Bir gün penjiräniň gapdalynda ýatan hassanyň ýagdaýy gowulaşyp, ony umumy bölüme geçirýärler. Ony alyp gidenlerinden soň, goňşusy özüni penjiräniň gapdalyna geçirmegi şepagat uýasyndan haýyş edýär. Şepagat uýasy hassanyň haýyşyny bitirip, onuň krowatyny penjiräniň deňine süýşürýär-de, gapa tarap ýönelýär. Birdenem hassanyň howsalaly sesi şepagat uýasyny aýak çekmäge mejbur edýär:
– Bu nähili beýle bolýar? Bu penjiräniň aňyrsynda diwardan başga görünýän zat ýog-a! Ýaňky umumy bölüme alyp giden hassaňyz maňa bu ýerden tokaýy, köli, bulutlary, adamlary görýändigini aýdýardy. Eýsem, ol nädip şonça gözelligi bu penjireden görüp bildikä?!
Şepagat uýasy gaýgyly ýylgyryp:
– Ol asla hiç zady görüp bilmeýärdi, o bende kördi ahyryn – diýipdir.
Kümüş
Bir gezek ýaş oglan halypasyna ýüzlenip:
– Näme üçin pully adamlar köplenç töweregindäkileri saýgarmaýarlarka? – diýipdir.
– Aýnadan aňry seret. Ol ýerde näme görýärsiň?
– Geçip barýan ýaşlary, garrylary, eli bäbekli ýaş enäni görýärin.
– Indi ýüz görülýän aýnadan seret. Ol ýerde näme görýärsiň?
– Aýnada men diňe özümi görýärin.
– Görýäňmi, ikisem şol bir aýna. Ýöne diňe özüňden başga hiç kimi görmezligiň üçin aýna sähelçe kümüş çaýaýmaly.
Aýakýalaňaç
Aýakgap öndürmek bilen meşgullanýan kärhana eýesi öz önümleriniň satuw bazarlaryny giňeltmegi ýüregine düwýär. Ol munuň üçin alys ýurtlara bazary öwrenmek hem-de zerur netijeleri çykarmak maksady bilen iki bilermenini ugradýar. Birnäçe wagtdan soň birinji bilermenden faks gelip gowuşýar: “Bazaryň ygtybarsyzdygyny siziň dykgatyňyza ýetirýärin. Bu ýerde hemmeler aýakýalaňaç gezýärler”.
Onuň yz ýanyndan ikinji bilermeniň faksy gelip gowuşýar: “Bazaryň bu ýerde gaty gowudygyny siziň dykgatyňyza ýetirýärin. Bu ýerde hemmeler aýakýalaňaç gezýärler”.
Mümkinçilikleriň wagty
Ýaş ýigit babasyndan maslahat almak üçin onuň ýanyna myhmançylyga barýar. Olar çaý-nahar edinenlerinden soň, agtygy babasyna ýüzlenip:
– Baba, siziň bilen bir maslahatym bardy. Meniň tanyşlarymyň biri zehinli programmaçy. Ol maňa bilelikde internet ulgamy bilen baglanyşykly biznes açmagy teklip etdi. Bilşiňiz ýaly, men oňat hünärmen, eýýäm bir ýyl bäri ýokary aýlykly maglumat tehnologiýasy kompaniýasynda işleýärin. Ine, görşüňiz ýaly, golaýda awtoulag hem edindim. Men bir tarapdan, biznesimiziň ugruna bolup gitjegine ynanman hem duramok, ýöne beýleki bir tarapdan hem düşewüntli işimi ýitiresim gelenok. Siz nähilem bolsa, telekeçilik eden adam, bu ugurdan uly tejribäňiz bar. Belki, maňa näme etmelidigini maslahat berersiňiz?!
Babasy biraz dymyp, soňam şeýle diýipdir:
– Seniň biznes taslamaň hakda maňa belli bir pikir aýtmak aňsad-a düşmez, dogrusy, saňa nätseň gowy boljakdygy barada anyk maslahat berip biljek däl. Seň özüň belli bir karara gelmeli. Ýöne, garşy bolmasaň, saňa wagt hakynda käbir zatlary gürrüň bereýin. Gadymy greklerde iki hili wagt bolupdyr. Hronos – häzirki tükeniksiz, dowamly wagt hem-de Kaýros – hemişe garaşylman durka, gelýän şowlulygyň tutdurmaýan oňaýly pursaty. Şonuň üçin ony ulanmak juda kyn. Kaýros garaşylmazdan peýda bolýar – bir o ýerde, bir bu ýerde peýda bolsa-da, hemişe-de aramyzda gezýär. Ol şeýle bir tiz gaçýar welin, ony tutmag-a beýlede dursun, eýsem, görüp ýetişmegem her kime başartmaýar. Grekler Kaýrosy tutmak üçin özüňde iki zady – aň-düşünjäňi artdyrmalydygyňy, duýgurlygyňy wagtynda oýarmalydygyňy aýdypdyrlar. Eger-de, saňa olary oýarmak başartsa, onda sen gelejege nazar aýlap bilersiň we öz gelen islendik kararlaryň netijelerini öňünden aňyp bilersiň.
Durmuşyň manysy
Bir gezek agşamaralar ýoldan gijä galan ötegçi akyldaryň gapysyny kakypdyr. Akyldar ony içeri çagyryp, hödür-kerem edipdir. Olar özara gürrüň edipdirler.
– Gulak asyň – diýip, myhman aýdypdyr: – Seniň parasatlylygyň baradaky gürrüňler biziň ülkämize hem baryp ýetdi. Sen nähilem bolsa, köpi gören adam. Eýsem, siz maňa adamyň näme üçin şu dünýäde ýaşaýandygyny düşündirip bilermisiňiz, eýsem, durmuşyň manysy nämede?!
– Ýogsa-da, seň özüň bu hakda pikir edip gördüňmi? – diýip, akyldar sorapdyr.
– Men bu hakda kän pikir etdim, ýöne oň jogabyny henize çenli tapyp bilmedim. Men her günde şol bir zady edýärin: işleýärin, iýip-içýärin, uklaýaryn. Gündiz gije bilen ýerini çalyşýar, ýene-de şol bir gün gaýtalanýar. Hepdeler, aýlar, ýyllar şeýle bir tiz geçýär welin, teý bolar ýaly däl. Gyşdan soň ýaz, tomus, güýz gelýär, soňra ýene-de gyş. Men bagtymy tapýaryn, soň ony ýene-de ýitirýärin. Ähli zat haýsydyr bir bimany aýlawda pyrlanyp duran ýaly. Meniň pikirimçe, munuň hiç hili manysy ýok.
Akyldar sesini çykarman, ony sazlaşykly jykgyldap duran uly sagadyň ýanyna eltip, onuň yzky gapagyny açýar. Onuň içindäki käbiri tiz, käbiri haýallyk bilen aýlanyp duran köp sanly çarhlar biri-biriniň dişine ilteşip, sagadyň dillerini herekete getirýärdi.
– Ine, sen şu ýa-da bu çarha seret – diýip, akyldar ümsümligi bozýar.
– Olar hemişe-de şol bir ýerde aýlanyp durlar. Eýsem, sen nähili pikir edýärsiň, diňe bir çarh aýlanyp dursa, oň manysy bolarmydy? Bolmazdy. Durmuşam şeýle.
Hazyna gözleýji
Ir zamanlarda köne kartalar we rowaýatlar esasynda syýahat maksady bilen hazyna gözlemäge ömrüni bagyş eden bir adam bolupdyr. Ol maksadyna ýetmek üçin hiç zadyny gaýgyrmandyr, ýöne ol hazyna diýip aýdar ýaly, üýtgeşik bir zadyň üstündenem barmandyr. Günleriň bir güni eýýäm garrylyk çagyna ýeten bu adam syýahatynyň arasynda balykçylyk bilen meşgullanýan dogduk obasyndaky öýüne dolanyp gelýär. Ol hazyna tapan halatynda, özüniň nähili oňat ýaşajakdygy barada heniz hem göwün ýüwürdýän eken. Emma ol munuň ýöne bir boş hyýaldygyna hem düşünmän durmaýan eken.
Onuň dünýäsini täzelän gijesi deňiz joşup, kenardan uzakda bolmadyk gonamçylygy hem suw basýar. Kyn ýagdaýda galan dostlary hem-de goňşulary ony öz öýüniň howlusynda depin etmeli diýen karara gelýärler. Haçan-da, olar ýeri gazyp durkalar haýsydyr bir küýzäniň üstünden baryp, onuň altyn şaýylyklardan doludygyna göz ýetirýärler. Ömrüni deňizlerden we adalardan hazyna gözlemäge bagyşlan bu adam öz howlusyny, aýagynyň aşagyny gazyp görmek hakda hiç haçan pikirem etmändir.
Edil durmuşda-da käte biz öz golaýymyzdaky hazynany göremzok-da, ony has uzaklardan gözleýäris.
Aýnaly öý
Kiçiräk bir obanyň gyrasynda idi-yssywat edilmeýän bir öý bar eken. Bir gezek oňa yssydan goranmak üçin gaçalga gözläp gelen güjüjek howlynyň gapysynyň aşagyndaky deşikden sümülip girýär. Güjük haýallyk bilen köne basgançak arkaly ýokary çykyp, ýarym açyk duran gapydan içerä äňedýär.
Ol içerde müňlerçe güjügiň mähir bilen özüne bakyp duranlygyna göz ýetirýär. Güjük guýrugyny bulap, gulaklaryny üşerden-de, müňlerçe güjüjek hem onuň bilen bu hereketi gaýtalaýarlar. Ol şatlyk bilen olaryň birine bakyp üýren-de, has-da geňirgenipdir. Müňlerçe güjüjeklerem şatlyk bilen oňa bu mähremligi gaýtarypdyrlar. Güjük dynç alypdyr, onuň bilen birlikde beýlekilerem dynç alypdyrlar. Haçan-da, güjük ol ýerini terk eden-de: “Nähili oňat ýer, bu ýere köpräk gelmeli” diýip pikir edipdir.
Birnäçe wagt geçenden soňra, bu ýere başga bir güjük girýär. Ýöne ol müňlerçe güjügi görüp, eýmenipdir, çünki olar oňa hyrsyz seredipdirler. Güjük hyňranyp başlan-da, müňlerçe güjük oňa hyňranyp ugrapdyr. Güjük gorkunjyna otagdan gaçyp çykan-da, “Nähili gorkunç ýer eken, gaýdyp dagy-duwara bu ýere gelmesem gerek” diýip, pikir ýöredipdir.
Tutuş dünýäniň ýüzi – aýna ýaly. Biz öz içimizde göterýän ýüzümizi, käwagt öz erkimize garşy durup, şol dünýä görkezýäris. Dünýä bize oňa berýän zadymyzy – hereketlerimizi we boluşlarymyzy gaýtaryp berýär. Eger-de, dünýäniň bize gülüp bakmagyny isleýän bolsak, onda biziňem güler ýüzümiz bolmaly!
Terjime eden
Ýegenmämmet Taýlyýew,
“Zaman-Türkmenistan”.