Den Klark, iň­lis ýa­zy­jy­sy.(He­ka­ýa)

Dü­ka­nyň ga­py­syn­da gys­dy­ry­lan “Gü­jük­ler sa­tyl­ýar” di­ýen ýaz­gy bu ýe­re ge­len og­lan­jy­gyň ün­sü­ni ba­da-bat özü­ne çe­kip­dir. Ol dü­ka­nyň eýe­sin­den: – Gü­jük­le­ri nä­çe­den sat­ýa­ňyz? – di­ýip so­rap­dyr. Sa­ty­jy ola­ryň ba­ha­sy­nyň el­li dol­lar­dan bär­de bol­ma­jak­dy­gy­ny aý­dyp, öz işi­ne güm­ra bo­lup­dyr. Og­lan­jyk jü­bü­si­ni dö­rüp, bir­nä­çe ow­nuk pul­la­ry çy­ka­ryp­dyr-da, la­py­keç­lik bi­len sa­ty­ja ga­rap:
– Men­de hä­zir di­ňe iki dol­lar we otuz ýe­di sent bar, ýog­sa-da ola­ry gö­rüp bol­maz­myka? – di­ýip­dir. Sa­ty­jy ýyl­gy­ryp, sy­ky­lyk atyp goý­be­rip­dir. Dü­kan­da­ky it ke­tek­den Le­di di­ýen it hem-de onuň yzy­na dü­şü­bem bäş sa­ny ki­çi­jik tüý­lek gü­jü­jek ge­lip­dir. Gü­jük­le­riň bi­ri beý­le­ki­ler­den has yza ga­lyp ge­lip­dir. Og­lan­jyk yza ga­lyp ge­len ag­sak gü­jü­je­gi eli­ne alyp:
– Bu gü­jü­ge nä­me bol­dy? – di­ýip gy­zyk­la­nyp­dyr.
– We­te­ri­nar bu gü­jü­giň ýan­jyk bog­nun­da şi­kes bar­dy­gy­ny, şo­nuň üçi­nem onuň in­di my­da­ma ag­sap gez­jek­di­gi­ni aýt­dy.
– On­da men şu gü­jü­gi sa­tyn al­jak – di­ýip, og­lan­jyk öze­le­nip­dir.
Dü­ka­nyň sa­ty­jy­sy al­jy­rap:
– Eger-de, siz di­ňe şu gü­jü­gi sa­tyn al­mak is­le­ýän bol­sa­ňyz, on­da men ony sa­ňa ýö­ne şeý­le-de be­rä­ýe­rin – di­ýip­dir. Og­lan­jyk dü­ka­nyň eýe­si­niň göz­le­ri­ne gö­ni ga­rap:
– Ýok, ma­ňa ony ýö­ne şeý­le be­rip goý­ber­me­gi­ňi­zi is­lä­mok – di­ýip gaş­la­ry­ny çy­typ­dyr. – Bu gü­jük beý­le­ki gü­jük­ler nä­çe dur­ýan bol­sa, şon­ça ba­ha dur­ýar we men onuň do­ly ba­ha­sy­ny tö­le­jek. Edil hä­zir men si­ze iki dol­lar we otuz ýe­di sent ber­ýä­rin, ga­lan­y­ny bol­sa, her aý­da el­li sent­den tö­läp, ýu­waş-ýu­waş­dan üze­rin.
Dü­ka­nyň eýe­si:
– Ýok, ýok. Bu gü­jük sa­tyn ala­ny­ňa as­la-da deg­me­ýär. Ol hiç ha­çan beý­le­ki it­ler ýa­ly seň bi­len yl­gap, bö­küp, oý­nap bil­mez – di­ýipdir.
Og­lan­jyk jo­gap hök­mün­de me­tal­dan edi­len gap­ja­waç ber­ki­di­len gy­şyk çep aýa­gy­ny gör­kez­mek üçin jal­ba­ry­nyň aşa­gy­ny çer­me­ýär. Soň­ra ol sa­ty­ja ga­rap:
– Ine se­ret, gör­şüň ýa­ly, me­nem yl­gap bi­le­mok, gü­jü­je­ge-de kim­dir bi­ri dü­şün­me­li bor ahy­ryn – di­ýip, gaý­gy­ly ýyl­gy­ryp­dyr.

Iň­lis di­lin­den ter­ji­me eden
Mer­dan An­na­sä­he­dow,
Bal­ka­na­bat şä­he­rin­dä­ki da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ne
ýö­ri­te­leş­di­ri­len 3-nji or­ta mek­de­biň okuw­çy­sy.