Zähmetsöýer jandarlaryň biri hasaplanýan garynjalaryň dostlaryna örän wepalydygy ýüze çykaryldy. Alymlar olaryň iýmit toplaýan mahaly ýaralanan ýoldaşlaryny yzyna alyp gaýdýandyklaryny we ony gowulaşdyrmak üçin bejergi edýändiklerini anykladylar. Topar bolup ýaşaýan bu jandarlar haýsydyr bir sebäp bilen bir ýerine zeper ýeten dostuna “ilkinji lukmançylyk kömegini” berýän ekenler. Soňra bolsa, hinine getirip bejergi edýärler. Afrikada ýaşaýan Masai garynjalaryny (“Megaponera analis”) ýakyndan öwrenen hünärmenler öz eden açyşlarynyň netijelerini “Royal Society” atly žurnalda çap edipdirler. Ylmy makalada garynjalaryň hereketleri barada has giňişleýin maglumat berlipdir.
Masai garynjalarynyň ýüzlerçesi bir wagtda awa çykýar. Olar toplan iýmitlerini hinine daşap, ammarda belli tertipde goýýarlar. Garynjalar hininden uzakda wagty gowulaşyp biljek derejede ýaralanan, (mysal üçin, bir aýagy döwlen) ýoldaşlaryny yzyna alyp gaýdýarlar. Alymlaryň geçiren barlaglarynda yzyna getirilen garynjanyň bir günde sagalýandygy ýa-da şeýle ýagdaýda ýaşamaga uýgunlaşýandygy anyklanypdyr. Ylmy makalada garynjalaryň arasynda bir aýagy döwlen birnäçe garynjanyň bardygy hem anyklanypdyr. Kähalatlarda hereket etmek ukybyny ýitiren garynjalar hinine getirilmeýän eken. Makalada garynjalar hereketden galan ýoldaşlaryny hernäçe yzyna getirmäge synanyşsalar hem, olaryň bu islegi ret edip, ol ýerde galýandyklary bellenilýär.