Ilkinji multfilm 1906-njy ýylda Jeýms Stuart Blektonyň ýolbaşçylyk edýän “Vitagraph Co.” atly şereketiniň taýýarlan “Şadyýan ýüzjagazyň ýumor döwri” (“Humerous Phases of Funny Faces”) hasaplanýar. Şol wagtlar çykarylan beýleki multfilmlerde bolşy ýaly, Blektonyň multfilminiň başynda surat çekýän adamyň eli peýda bolýar. Soňra onuň çeken suraty “janlanyp”, hereket edip başlaýar. Blekton taýýarlan 8 müň çyzgydan ybarat ilkinji amerikan multfilminde halkadan bökýän güjük, gözlerini hereket etdirýän adam ýaly ýönekeý hereketler bardy. Şol ýylyň aprelinde angliýaly Wolter Butuň ýolbaşçylyk edýän “Charles Urban Trading Co.” atly şereketi “Artistiň eli” atly multfilmi taýýarlaýar. Onuň başynda bir adamyň we zenanyň suratyny çekýän el peýda bolýar. Soňra çekilen suratlar tans edip başlaýar. 1908-nji ýylda fransiýaly Emil Kolynyň “Fantasmagoriýa” multfilminde bolsa, grafika sungaty bilen kino tehnikasyny utgaşdyryp ulanylypdyr. Multfilmleriň ilkinji haýwan gahrymany “Old Doc Yak” atly geçi bolup, ony “Chicago Tribune” gazetiniň suratkeşi Sidneý Smit döredýär. Onuň ilkinji multfilmi 1913-nji ýylyň iýulynda peýda bolýar. Bu gyzykly multiserial körpe tomaşaçylaryň multfilme gyzykmagyna uly goşant goşýar. Şondan soňra şeýle multfilmleriň sany artýar. Ilkinji reňkli multfilm Nýu-Ýorkda “Bray Pictures” şereketi tarapyndan taýýarlanyp, “The Debut of Thomas Cat” ady bilen 1920-nji ýylyň 8-nji fewralynda prokata çykýar.
Ilkinji sesli multfilmi Pol Terri döredýär. Gadymy grek ýazyjysy Ezopyň basnýalary esasynda taýýarlanan filmi “Van Beuren Enterprises” şereketi prokata çykarýar. Ol 1928-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda köpçülige görkezilýär. Onuň yzysüre Wolt Disneýiň döreden ilkinji sesli multfilmi “Steamboat Willie” 18-nji noýabrda tomaşaçylara ýetirilýär.
Ilkinji uzyn metražly multfilmi argentinaly sungat ussady Don Frederiko Walle 1917-nji ýylda taýýarlaýar. 70 minutlyk filmi döretmek üçin 5 adam 50 müňden gowrak surat çekmeli bolýar. Wolt Disneýiň 1937-nji ýylyň 21-nji dekabrynda görkezilen “Garpamyk we ýedi girdenek” filmi uzyn metražly ilkinji sesli multfilm hasaplanýar.
1930-njy ýyllarda entek kompýuter tehnikasy ýok hem bolsa, 1900-nji ýyllardakydan has ösen tehnika ulanylypdyr.
1940-njy ýyllardan başlap, uzyn metražly multfilmleriň sany köpelip ugraýar. Multfilmi elde surat çekip taýýarlamak usuly 1990-njy ýyllaryň ahyryna çenli ulanylýar. Soňky ýyllarda tehnologiýanyň ösmegi bilen dürli kompýuter programmalarynda 2D ýa-da 3D animasiýalar döredilýär. Multfilm döretmekde kompýuteriň işjeň ulanylmagynyň esasy sebäbi munuň üçin müňlerçe surat çekmeli bolýandygydyr. Bu örän köp zähmet talap edýär. Ilkinji 3 ölçegli multfilm “Pixar” kompaniýasynyň “The Adventures of André and Wally B.” (1984) atly filmidir. Şondan soňra bolsa, 3D animasiýa tehnikasy ýaýrap başlaýar.