Ýaponiýadaky RIKEN durnukly çeşmeler bilim merkeziniň hünärmenleri ösümlikleriň suw ýitgisini azaldýan gormony tapdylar. Doktor Fuminori Takahaşi we ylmy toparyň agzalarynyň geçiren işiniň netijeleri “Nature” žurnalynda çap edildi. Ösümliklerde hem edil haýwanlarda bolşy ýaly gormon bar. Emma fitogormon atly ösümlik gormonlary barada entek köp zat mälim däl. Ösümliklerde daşky täsirlere jogap berýän gormonlaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamaga synanyşan hünärmenler, ilkinji nobatda, CLE peptidlerini we ABA gormonyny öwrenipdirler. ABA gormony gurak möwsümde ösümligiň ýapragynda jemlenip, onuň gözeneklerini ýapýar. Şeýlelikde, onuň düzümindäki suw bugarman saklanýar. CLE peptidleri bolsa, ösümlikleriň köklerinde döreýär. Geçirilen tejribelerde CLE25 atly CLE peptidi ösümlikleriň köklerine berlende, ýapragyndaky ABA mukdarynyň artýandygy we gözenekleriň ýapylýandygy anyklanypdyr. Şeýle hem suw berilmedik wagty ösümlikleriň köklerindäki CLE25 mukdarynyň artandygyna göz ýetirilipdir. Bu iki ýagdaý CLE25 peptidleriň ösümlikleriň suw ýitgisiniň öňüni almaga täsir edýändigini alamatlandyrýar. Emma özara baglanyşygyň bardygynyň anyk bolmagy üçin kökdäki CLE25 molekulalarynyň ýapraklara hem “daşalmagy” zerur. Hünärmenler ýörite usul arkaly CLE25 peptidleriniň kökden ýapraga geçýändigini hem anyklapdyrlar. Takahaşi alnan netijäniň guraklyga we beýleki fiziki päsgelçiliklere çydamly ösümlik görnüşlerini döretmekde peýdaly boljakdygyna ünsi çekýär.