Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Bu ugurda oba senagatynda, hususy pudaklarda hem-de beýleki ulgamlarda uly işler amala aşyrylýar. Türkmen telekeçileri dünýäniň beýleki ýurtlarynda öndürilýän önümler bilen bäsleşip biljek önümleriň önümçiligini ýola goýmak üçin tagalla edýärler.
Golaýda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ösümlik ýaglarynyň önümçiligi boýunça gurulýan kärhanalar barada hasabat berildi. Hasabatdan görnüşi ýaly, “Gündogar akymy” hem-de “Kämilligiň gözbaşy” hojalyk jemgyýetleri tarapyndan ekologiýa taýdan arassa günebakar ýagyny öndürmek boýunça zawodlar gurulýar. Bu kärhanalarda her ýylda jemi 24 müň tonna ýag we guşçulyk toplumy üçin zerur iým öndüriler. Bu desgalary geljek ýylda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň çäklerinde 2019-njy ýylda günebakar ekilýän ekerançylyk meýdanlaryny 5000 gektara çenli giňeltmek meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda dünýäde iň köp sarp edilýän azyk iýmitleriniň biri-de ýagdyr. Tagam bişirmekde giňden ulanylýan ýaglaryň dürli görnüşleri bar. Dünýäde, esasan hem, günebakar hem-de zeýtun ýagyna bolan isleg barha ýokarlanýar. Günebakar çigidinden alynýan ýag dünýäde giňden ýaýrandyr. Onuň önümçiliginde dünýäde birinjilik Russiýa bilen Ukraina degişlidir. Bu iki ýurtda onuň önümçiligi ýokary derejededir. Rus imperiýasy döwründe bu oba hojalyk ekininiň senagat taýdan özleşdirilmegine girişildi. Häzirki Russiýanyň çäginde 1829-njy ýylda günebakaryň çigidinden ýag alnyp başlandy. 1833-nji ýylda bu ugurda ilkinji ýag zawody açyldy.
Dünýäde günebakar ýagynyň önümçiliginiň 53 göterimi Russiýanyň hem-de Ukrainanyň paýyna düşýär. ABŞ-nyň Oba hojalygy ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2014-2015-nji ýylyň möwsüminde dünýäde 39,4 million tonna günebakar tohumy ýetişdirildi. 2015-2016-njy ýylyň möwsüminde bu görkeziji 40,4 million tonna, 2016-2017-nji ýylyň möwsüminde 44,8 million tonna barabar boldy. Sary gülli günebakar 65-70 göterim ýag mukdary bilen döwrüň iň esasy ýag ösümlikleriniň biridir. Her ýyl dünýäde bu ýagyň 16 million tonnadan gowragy öndürilýär.
Günebakar ýagynyň peýdaly taraplary köp. Bu ýagyň düzüminde tenimiz üçin peýdaly bolan A, D we E witaminlar saklanylýar. Retinol ýa-da witamin A teni foto-garramadan gorap saklaýar. Witamin D UF-şöhleleriň täsirini kemeldýär, agyrylary azaldýar. Witamin E – hakyky antioksidantdyr.
Ýurdumyzyň bazarlarynyň bolçulygyny üpjün etmek, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin irginsiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ymamguly REJEPOW,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.