Hin­di um­ma­ny­nyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da­ky Maw­ri­kiý ada ýur­dy goý­nun­da ýüz­ler­çe gö­zel­li­gi jem­le­ýär. Ol Ma­da­gas­ka­ryň 900 km tö­we­re­gi gün­do­ga­ryn­da we Hin­dis­ta­nyň 3 943 km gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da ýer­leş­ýär. 2 040 km² meý­da­ny tut­ýan ada­nyň 1,5 mil­lio­na go­laý ila­ty bar. Ge­og­ra­fik taý­dan Af­ri­ka de­giş­li bo­lan ada­da köp muk­dar­da şe­ker­çiň­rik ekil­ýän­di­gi se­bäp­li, oňa “şe­ker ada­sy” hem di­ýil­ýär. Ýurt­da eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň 80 gö­te­ri­mi­nden gowragyna şe­ker­çiň­rik ekil­ýär. Gü­nor­ta ýa­rym­şar­da ýer­le­şen­di­gi se­bäp­li tro­pik ho­wa­sy bo­lup, ýy­lyň do­wa­myn­da iki pa­syl bar. Ho­wa no­ýabr-ap­rel aý­la­ry ys­sy we çyg­ly, iýun-sent­ýabr aý­la­ryn­da bol­sa, gu­rak we sal­kyn bol­ýar. Pa­syl­la­ryň ara­syn­da o di­ýen köp ýy­ly­lyk ta­pa­wu­dy bol­maýar.
Ke­ra­mat­ly Bren­don, Rod­ri­ges we Aga­le­ga ada­la­ry hem Maw­ri­kiý Res­pub­li­ka­sy­na de­giş­li­dir. Aga­le­ga ada­sy Maw­ri­ki­den 1000 km çe­me­si de­mir­ga­zyk­da ýer­leş­ýär. Bu ýer­de 300-den gow­rak adam ýa­şa­ýar. Ke­ra­mat­ly Bren­don (Kar­ga­dos-Ka­ra­hos) esa­sy ada­dan 430 ki­lo­metr de­mir­ga­zyk-gün­do­gar­da ýer­leş­ýär. Bu ada­nyň tö­we­re­gin­de hem bir­nä­çe ki­çeň­räk ada­lar bo­lup, ila­tyň köp bö­le­gi ba­lyk­çy­lyk bi­len meş­gul­lan­ýar. Meý­da­ny 108 km2 ba­ra­bar bo­lan Rod­ri­ges ada­sy bol­sa, Maw­ri­ki­niň 560 ki­lo­metr gün­do­ga­ryn­da bo­lup, ada­nyň 42 mü­ňe go­laý ila­ty ba­lyk­çy­lyk, eke­ran­çy­lyk we se­net­çi­lik bi­len meş­gul­lan­ýar. Şeýle hem adada syýahatçylyk ösendir.
Te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri­niň sa­ny nä­çe köp hem bol­sa, Maw­ri­kiý ada­sy­nyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da­ky tä­sin­lik has hem haý­ran gal­dy­ry­jy­dyr. Gu­şu­çar be­lent­lik­den se­re­de­niň­de, su­wuň için­de şag­la­wuk bar ýa­ly bo­lup gö­rün­ýär. Ol çä­gä­niň we gyr­man­ça­la­ryň ak­ma­gy ne­ti­je­sin­de şöh­lä­niň yza ser­pik­me­gi bi­len dö­re­ýär. Di­ňe şu gö­zel­li­ge to­ma­şa et­mek üçin bu ýur­da her ýyl­da müňlerçe jahankeşde bar­ýar. Maw­ri­ki­li­ler öz ada­la­ry­ny “Ýer ýü­zü­niň ýedi reňk­li bö­le­gi” di­ýip at­lan­dyr­ýar­lar. Ak çä­ge­li deňiz ke­nary, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligi we mas-ma­wy tol­kun bu tro­pik ada mah­sus gö­zel­lik­ler ha­sap­lan­ýar. Su­wuň aşa­gyn­da bol­sa, mer­jen rif­le­ri we beý­le­ki de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň müň­ler­çe­ görnüşi bar. Şol sebäpli Maw­ri­kiý su­was­ty gö­zel­li­gi su­ra­ta al­ma­gy we su­wa çüm­me­gi ha­la­ýan­la­ryň iň gelim-gidimli ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu ýer­däki de­ňiz su­wu­nyň dü­zü­min­de kis­lo­rod köp bo­lan­ly­gy se­bäp­li suwasty jandarlaryň we ösümlikleriň sany gaty köp.
Şeý­le hem Ka­ra­me­liň reňk­li top­rak­la­ry at­ly depäniň örän öz­bo­luş­ly te­bi­gy gö­zel­li­gi bar. Bu de­päniň reňk­i dürli öwüşginli bolup, onuň baý mi­ne­ral mad­da­lar­dan we wul­kan kül­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de eme­le ge­len­di­gi aý­dyl­ýar. Oňa “ýedi reňk­li top­rak” hem di­ýil­ýär. Gy­zyl, go­ňur, mä­mi­şi, ýa­şyl, gök, gül­gün we sa­ry reňk­li top­rak köp muk­dar­da ýa­gyş ýag­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ýi­tip git­me­ýär.
Ada­da­ky Bo­ta­ni­ka ba­gyn­da ýüz­ler­çe gör­nüş­li ösüm­lik ös­ýär. Şeý­le hem haý­wa­nat ba­gyn­da pil­le­ri, gap­laň­la­ry, ýol­bars­la­ry we beý­le­ki ýa­ba­ny jan­dar­la­ry gör­mek müm­kin. Golf ada­da iň meş­hur sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Hä­zir­ki wagt­da Ang­li­ýa­dan we Hin­dis­tan­dan soň­ra, Maw­ri­kiý iň köp golf meý­dan­ça­sy bo­lan ýurt ha­sap­lan­ýar.